“Ýewrowideniýe” täze formatda geçer

  • 02.04.2020 21:14
  • 3.5k+

“Ýewrowideniýe” halkara aýdym bäsleşiginiň guramaçylygyna jogap berýän Ýewropanyň gepleşikler birleşigi ýörite onlaýn-şou geçirer, onda şu ýyldaky çärä gatnaşmaly bolan ýurtlaryň wekilleri çykyş ederler. Konsertde bäsleşik üçin taýýarlanylan aýdymlar aýtdyrylar. Bu barada bäsleşigiň guramaçylary özleriniň saýtynda habar berdiler.
Gazeta.ru saýtynyň habar bermegine görä, bu şou “Ýewrowideniýe: Ýewropa şöhle saçýar” adyny aldy. “Eurovision: Europe Shine A Light” bäsleşik formatyna eýe bolmaz, ol 41 çykyşy öz içine alar, mundan başga-da, muşdaklar üçin we ekranyň tomaşaçylary üçin köp sanly garaşylmadyk sowgatlar bolar” – diýip resmi habarda aýdylýar. Bu konserte geçen ýyllaryň ýeňijileriniň hem gatnaşmagy mümkin.
Konsert takmynan iki sagat dowam eder. Geljek hepdelerde konserte gatnaşyjylaryň düzümi we onuň efirde görkeziljek teleýaýlymlarynyň sanawy barada has köpräk maglumatlary habar bermek meýilleşdirilýär. Bu konserte biziň resmi YouTube kanalymyzda hem tomaşa etmek bolar” – diýip EBC-de belleýärler.
Konsertiň mejbury ýagdaýda täze formata geçirilmegini bäsleşigiň ýerine ýetiriji müdiri Ýon Ola Sand teswirledi.
“Gynansak-da, bu ýyl “Ýewrowideniýe” aýdym bäsleşigi geçirilmez. Muňa derek biz 16-njy maýda amatly wagtda özboluşly telegepleşigiň kömegi bilen Ýewropany birikdirmegi meýilleşdirýäris. Biz birligiň we umumylygyň ruhuny saklamak üçin şu ýylda “Ýewrowideniýä” gatnaşmaly bolan ähli tele we radio gepleşikleri döredijileri, şeýle-de bu konserti özleriniň efirinde görkezer ýaly beýleki ýurtlardaky EBC-niň agzalaryny çagyrýarys” – diýip ol belleýär.
“Biz diňe bir Rotterdama gitmeli bolan artistlere çykyş etmäge mümkinçilik berjek konserti däl-de, eýsem öýde oturanlary ruhlandyrjak we tutuş Ýewropa we ondan daşary boýunça ähli adamlary şu kyn pursatda birleşdirjek konserti guramakçy bolýarys. Geliň, bu pursaty “Ýewrowideniýä”-niň taryhynda ýatdan çykmajak edeliň”.
Ýewropanyň gepleşikler birleşigi 10-njy maýdan 16-njy maý aralygyndaky günleri “Ýewrowideniýäniň Hepdeligi” diýip yglan etdi.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....