Türkmenistan BMG bilen bilelikde COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almagyň üstünde işleýär

  • 01.04.2020 20:19
  • 9.9k+

Türkmenistanyň hökümeti koronawirus ýokanjynyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça çäreleri güýçlendirýär. Şunuň çäklerinde 31-nji martda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri BMG-niň wekilleri bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda COVID-19-yň Türkmenistanyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça milli meýilnamany işläp düzmek maslahatlaşyldy. Bu barada SNG.Today saýty Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky saýtyna salgylanyp habar berýär.
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň belleýşi ýaly, Bu meýilnamanyň esasy maksady bu ýokanç keseliň aralaşmagynyň öňüni we göreşmek ulgamynda ýurduň zerurlyklaryny kesgitlemekden ybaratdyr.
Bu meýilnama «janly» bolup, ol zerurlyk ýüze çykanda yzygiderli täzelenip durar. Bu meýilnama adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreş maksatlaryny, strategiýalaryny we hereketlerini kesgitleýär, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlara garşy hereketleriň utgaşdyrylmagyny we netijeliligini üpjün edýän çäreleriň düzümini hem-de jogapkärçiligiň paýlanyşyny görkezýär.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurtda koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady. Türkmenistan COVID-19 ýokanjynyň ýurda aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Iri ilatly nokatlaryň töwereginde, şol sanda Aşgabadyň töwereginde goşmaça gözegçilik nokatlary döredildi. Iri şäherlere we ilatly nokatlara girmezden öň infragyzyl termometrler arkaly sürüjileriň we ýolagçylaryň bedeniniň temperaturasy barlanylýar. Bu howpsuzlyk çäresi içerki howa gatnawlarynda gatnaýan ýolagçylara hem degişlidir. Galyberse-de, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi koronawirusy anyklamak üçin Rospotrebnadzordan ýeterlik mukdarda test-sistemalaryny aldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......