Hytaý senagaty önümçiligini 98,6% dikeltdi

  • 01.04.2020 08:00
  • 6k+

Hytaý senagaty ýurtda epidemiki ýagdaýyň gowulanmagy bilen öz işini çalt depginler bilen dikeltmäge başlady.
COVID-19 koronawirusy boýunça ýagdaýyň gowulanandygy sebäpli Hytaýyň senagat kärhanalary önümçiligi ortaça 98,6% dikeltdiler diýip duşenbe güni HHR-iň maglumatlaşdyrma we senagat ministriniň orunbasary Sin Gobin žurnalistlere habar berdi.
“28-nji martdaky ýagdaý boýunça ýurtda senagat kärhanalarynyň, önümçilik kuwwatynyň dikelmeginiň ortaça derejesi 98,6%-e ýetdi. Işgärleriň iş ýerlerine dolanmagynyň ortaça görkezijisi 89,9%-e barabar” – diýip ol belleýär.
Şeýle-de, kiçi we orta kärhanalaryň hem 76%-i Hytaýda öz işlerini dikeltdiler. 
Şonuň bilen birlikde, runews24.ru saýtynyň habar bermegine görä, COVID-19-yň ojagyna öwrülen Hubeý welaýatynda-da senagat kärhanalary 95% işläp başlady we takmynan, işgärleriň 70%-i iş ýerlerine dolanyp bardylar. Mundan başga-da, bu welaýatda awiasiýa aragatnaşyklary dikeldildi, Uhanda bolsa metropoliten açyldy.
Bu wakanyň öňüsyrasy HHR-iň hökümeti ýurtda epidemiýany togtatmagyň başa barandygyny habar berdi. Koronawirus bilen kesellänleriň 93%-i hassahanalardan çykaryldy.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......