Türkmenistanda okuwçylaryň dynç alyş möwsümi 6-njy aprele çenli uzaldyldy

  • 30.03.2020 22:18
  • 13k+

Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän ähli mekdeplerinde ýazky dynç alyş möwsümi 6-njy aprele çenli uzaldyldy. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Bilim ministrligi gol çekdi. Öňüni alyş arassaçylyk çäreleri hökmünde bu resminama Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan koronawirus pandemiýasynyň yglan edilmegi bilen baglanyşykly ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaklyga gönükdirilendir. Bu barada Turkmenportal agentligi Aşgabadyň Baş bilim müdirligine salgylanyp habar berýär.
COVID-19 pandemiýasynyň ilkinji ýagdaýlary geçen ýylyň ahyrynda Hytaýyň Uhan şäherinde hasaba alnyp, häzir bu kesel 177 döwletde ýüze çykaryldy.
Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan wirusyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak üçin birnäçe howpsuzlyk çäreleri görüldi. Iri ilatly nokatlaryň töwereginde, şol sanda Aşgabadyň töwereginde goşmaça gözegçilik nokatlary döredildi. Iri şäherlere we ilatly nokatlara girmezden öň infragyzyl termometrler arkaly sürüjileriň we ýolagçylaryň bedeniniň temperaturasy barlanylýar. Bu howpsuzlyk çäresi içerki howa gatnawlarynda gatnaýan ýolagçylara hem degişlidir.
Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen 2020-nji ýylyň 20-nji martyndan 20-nji apreli aralygynda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçmeklik çäklendirildi.
Belläp geçsek, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, ýurtda koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......