Hytaýyň hökümeti: koronawirusyň ýurduň içinde ýaýrawy tamamlandy

  • 29.03.2020 20:28
  • 12k+

Koronawirus ýokanjynyň Hytaýyň çäklerinde ýaýramasy bes etdi. Ýurtda bu kesel bilen hasaba alynýanlaryň aglaba bölegi ýurduň daşyndan gelen. Sinhua agentliginiň habar berşi ýaly, bu barada ýekşenbe güni brifingde HHR-iň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet geňeşiniň resmi wekili Mi Fen belledi, diýip Trend agentligi belleýär.
Bellenilişi ýaly, ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sany azaldy we häzirki wagtda 3 müňden az sanla geldi. Şolardan 693-si daşary ýurtdan Hytaýa gelenlerdir. Şol bir wagtda Mi Feniň belleýşi ýaly, ýokanjyň HHR-iň çäklerinde ýaýrawynyň gaýtadan başlanmak howpy ýokary bolmagynda galýar.
Merkezi Hytaýda 2019-njy ýylyň ahyrynda hasaba alnan koronawirus ýokanjy soňlugy bilen dünýäniň 160 döwletine ýaýrady we 11-nji martda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan pandemiýa diýlip yglan edildi. Soňky maglumatlara laýyklykda, dünýäde bu kesel bilen 620 müňden gowrak adam keselledi, ýogalanlaryň sany 30 müňe golaýlady.
Belläp geçsek, Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça netijeli çäreler görüldi. Şonuň üçin hem häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde bu keseliň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......