Rus awiakompaniýasynyň çarter uçary daşary ýurt raýatlary bilen Türkmenabatdan Moskwa uçdy

  • 29.03.2020 07:54
  • 10k+

Russiýanyň S7 awiakompaniýasynyň çarter gatnawy Russiýanyň, Ýaponiýanyň we Belarusyň raýatlary bilen şenbe güni Türkmenabat şäherinden Moskwa uçdy. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp, Ria Nowosti agentligi habar berýär.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky howa gatnawlary koronawirus bilen bagly ýagdaýlar sebäpli saklanyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, «28-nji martda Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň ýardam etmeginde S7 awiakompaniýasynyň uçary Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Moskwa uçdy. Howa gämisinde Russiýanyň, Ýaponiýanyň we Belarus döwletiniň Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolan we uçmak boýunça ýardam sorap ýüz tutan 81 sany raýat bar».
Ria Nowosti agentliginiň habar berşi ýaly, «Türkmenistanyň hökümetiniň berýän maglumatlaryna laýyklykda, ýurtda koronawirus ýokanjynyň ýeke ýagdaýy hem hasaba alynmady».

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......