“Real” COVID-19 bilen göreşmek üçin “Santýago Bernabeuy” döwlete berdi

  • 28.03.2020 22:39
  • 4.5k+

“Real” pandemiýa bilen göreşmek üçin mümkinçiligine görä kömek edýär, bu barada klubyň resmi saýtyna salgylanmak bilen merengues.ru habar berýär.
Resmi saýtyň habar bermegine görä, Madridiň “Realynyň” ýolbaşçylygy “Santýago Bernabeu” stadionyny Ýokary sport geňeşiniň (CSD) ygtyýarlygyna berdi.
Olaryň hususy stadiony COVID-19 koronawirusy bilen göreşde kömek kordinasiýasy üçin toplumlaýyn merkez bolup hyzmat eder. “Bernabeuda” gerekli dermanlar, gigiýena serişdeleri we ýöriteleşdirilen enjamlar saklanylar.
Madridiň “Realynyň” Ýokary sport geňeşi bilen ýakyn hyzmatdaşlygynyň esasynda, “Santýago Bernabeu” stadiony gerekli serişdeleriň, şol sanda, pandemiýa bilen göreşde kömek edip biljek gigiýena serişdeleriniň saklanylýan ýeri bolar. Hökümetiň ýolbaşçylygy astynda Ispaniýanyň saglygy goraýyş edaralaryndan kabul edilen ähli serişdeler häzirki adatdan daşary ýagdaýda örän möhüm bolan bu gorlaryň ýokary derejede we netijeli ulanylyşyny üpjün eder ýaly “Bernabeuda” saklanylar” – diýlip CSD-niň bildirişinde aýdylýar.
Mundan başga-da, klubyň ýolbaşçylygy maliýe ýa-da başga bir tarapdan kömek etmekçi bolýan dürli guramalar üçin Madridiň “Realynyň” olary saglygy goraýyş ministrligine geçiriji köpri bolup çykyş etmegi boýunça teklibini öňe sürdi. Bu gözegçilik we aragatnaşyk mehanizmi Ispaniýa hökümeti tarapyndan ulanylýan we gözegçilikde saklanylýan mehanizmiň üstüni ýetirer.
Ýatladyp geçsek, öň “Real” koronawirus bilen göreşmek üçin maliýe taýdan uly goldaw berdi we medisina tehnikalarynyň uly möçberi bilen hem özüniň kömegini ýetirdi. “Şa klubynyň” futbolçylary bolsa, mätäçlik çekýänlere kömek bermek üçin birnäçe gazna döretdiler.

11.05.2026 11:37
4.2k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
8.7k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......

09.05.2026 17:44
9.6k+

Asman sunamisi... Braziliýanyň kenaryndaky geň bulut syýahatçylary gorkuzdy

Braziliýanyň Riwýera-de-San-Lourensu plýažynda dynç alýanlar seýrek duş gelýän atmosfera hadysasynyň — sosial mediada "asman sunamisi" diýlip atlandyrylan ägirt uly düýrlem buludyň şaýady boldular....

06.05.2026 15:42
3.8k+

Howa boýunça onýyllygyň netijeleri: Aziýanyň uglerod zyňyndylaryny çykaryşy çaltlaşýar, Ýewropa bolsa ony azaldýar

Global Carbon Budget-iň maglumatlaryna görä, 2014-2024-nji ýyllar aralygynda global zyňyndylaryň ösüşi çürt-kesik bir gyradeň däl. Çalt senagatlaşýan Aziýa ýurtlary uglerod zyňyndylarynyň tiz artýandygyny......