Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

  • 27.03.2020 22:54
  • 9.5k+

27-nji martda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň wekilleri bilen duşuşandygyny, olaryň many-mazmuna baý bolan gürrüňdeşlikleriň dowamynda öz ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berendiklerini habar berdi.
Türkmen Lideri bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, olaryň Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Özbegistanyň Baştutany döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan edip, iki halkyň taryhynyň hem-de ruhy-medeni kökleriniň umumylygyny, gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mizemezdigini aýratyn belledi, bu gatnaşyklar taraplaryň hoşniýetli erk-islegi netijesinde täze many-mazmuna eýe boldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......