Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde sadaka berdi

  • 27.03.2020 22:03
  • 8.2k+

27-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde berlen sadaka gatnaşdy.
Daşoguz welaýatynyň baş metjidinde milli Liderimize Mekgeden ýadygärlik sowgady hökmünde iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtük goýuldy.
Bu ýerde şeýle hem keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu mukaddeslik ähli sebitleriň ilatynyň tagzym etmegi üçin ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýulýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsi we Daşoguz welaýatynyň baş metjidiniň ymamy bilen bilelikde metjidi synlap, onuň binagärlik we bezeg aýratynlyklary, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow metjitden çykyp, sadaka bermek üçin niýetlenen bina tarap ugraýar. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň jöwher paýhasyndan kemal bolan, Türkmenistana, onuň gadymy we şu günki taryhyna, baý medeni mirasyna, mähriban topragymyzyň tebigatyna bagyşlanan ajaýyp eserlerinden düşen galamhakynyň serişdeleriniň hasabyna sadaka berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen we özbek halklaryny gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Ine, şu gün hem biz bir saçagyň başynda agzybirlikde jem bolup otyrys.
Soňra ýurdumyzyň müftüsi tebärek çykandan soň, nahar çekildi. Tagam dadylyp, aýat-töwir edildi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......