28-nji martda Türkmenabatdan Waşingtona amerikan raýatlary üçin howa gatnawy gurnalar

  • 26.03.2020 18:39
  • 11k+

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ dolanmak isleýän raýatlary üçin Türkmenabadyň halkara howa menzilinden Waşingtona çarter gatnawyny gurnar.
Uçuş 28-nji martda şenbe güni amala aşyrylar diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň saýty habar berýär. ORIENT agentliginiň habar berşi ýaly, howa gämisine şeýle hem Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolup ýören Latyn Amerikasynyň we Ýewropanyň käbir ýurtlarynyň raýatlary hem alnar.
Şol gün şeýle hem Türkmenabatdan Moskwa Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolup ýören beýleki ýurtlaryň raýatlaryny alyp gitjek gatnaw gurnalar.
Koronawirus pandemiýasy zerarly tutuş dünýä boýunça awiagatnawlaryň ýatyrylýan we şunuň bilen baglanyşykly köp sanly ýurtlarda ýola goýlan beýleki çäklendirmeleriň fonunda Türkmenistan hem beýleki ýurtlardaky öz raýatlarynyň yzyna getirilmegini gurnaýar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......