“Ýewrowideniýe-2020-niň” onlaýn geçirilmegi ahmal

  • 25.03.2020 12:35
  • 3k+

“Ýewrowideniýe-2020” adaty režimde koronawirus zerarly geçirilmez, ýöne aýdym bäsleşiginiň guramaçylygyna jogap berýän Ýewropanyň gepleşikler birleşigi (EBU) ony şu ýyl onlaýn görnüşde alyp barmak mümkinçiligini gözden geçirýär. Ýewropanyň gepleşik birleşiginde “Ýewrowideniýäni” onlaýn-režimde geçirmek mümkinçiligini maslahatlaşmak kararyna gelindi.
Bu barada “Ýewrowideniýäniň” resmi Twitterinde habar berilýär.
Birleşik tarapyndan neşir edilen habarda gürrüňiň bäsleşigiň özi barada gitmeýändigi bellenilip geçilýär, artistlere diňe şu ýylyň bäsleşigi üçin taýýarlanan aýdymy hiç hili bäsleşiksiz hödürlemek mümkinçiligi döredilip bilner. Ýagny, köpçüliksiz hiç hili konsert geçirilmez, hiç hili janly çykyş bolmaz. Diňe hödürlenilen wideolara ses bermeklik ýola goýulmaly. Bularyň ählisini “sazandalary dabaraly gutlamak”, “ýewropalylaryň ruhuny götermek” we ““Ýewrowideniýe” atly maşgalany”” berkitmek üçin gurnamak meýilleşdirilýär.
Şonuň üçin guramada aýdymçylaryň ýatyrylan bäsleşik üçin taýýarlan aýdymlaryny indiki ýyl ýerine ýetirip bilmejekdikleri bellenilýär, bu barada olara öň hem duýdurylypdy. Ýöne 2021-nji ýylda şol bir aýdymçylary bäsleşige ibermek baradaky çözgüt ýurtlaryň özüne galýar.
“Bäsleşigiň köptaraplylyk we inklýuziwlik bilen bagly bolan gymmatlylygy, şeýle-de biziň köpdürlüligi aýdymyň üsti bilen wasp etmek däbimiz häzir örän möhüm” diýlip, guramaçylyk komitetiniň habarynda bellenilýär.
Rg.ru saýtynyň habar bermegine görä, Ýewropanyň gepleşikler birleşiginiň gutarnykly çözgüdi ýakyn wagtda habar ediler.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....