Italýan alymlary “müdimilik aýnany” döretmäge ýakynlaşdylar

  • 24.03.2020 14:18
  • 7.4k+

Italýan alymlary “müdimilik aýnany” döretmek işinde üstünlik gazandylar. Täze eksperimentiň netijeleri “Science Advance” ylmy žurnalynda neşir edildi.
Dni24.com saýtynyň habar bermegine görä, Trento uniwersitetiniň alymlary kolloid aýnalaryndaky içki dartgynlylygy derňediler. Alymlar geçirilen işiň netijesiniň geljekki mehaniki häsiýetlerini sazlap bolýan materiallaryň döredilmek prosesini çaltlandyrýandygyna ynanýarlar. Birnäçe tejribeleriň netijesinde bir ugurly dartgynlylyk bilen häsiýetlenýän kolloid aýnalary alyndy. Ondaky mikroskopik bölekler bir ýere ýygnanyp, bir ugur boýunça hereket edip bilýärler. Eksperiment geçirijiler fotoapparat obýektleri üçin ulanylýan linzanyň durulygy we uly böleklere bölünýändigi bilen tapawutlanýandygy üçin adaty aýnalara meňzemeýändigini belläp geçýärler. Bu alamatlar içki güýji sazlamaga mümkinçilik berýär, täze derňewler bolsa bu materialy anyk maksatlar üçin ulanmaga mümkinçilik döreder.
Şeýle materialy almak üçin alymlar organiki madda litidin bilen suwuň garyndysynda adaty aýnalary döretmek üçin ulanylýan kremniý oksidiniň böleklerini eretdiler. 
Soňra olar alnan materialy rentgen korrelýasion spektroskopiýanyň kömegi bilen derňediler. Netijede hem täze kolloid aýnalarynyň bir ugurly dartgynlylyga eýedigi ýüze çykaryldy.
Täze aýnalar ýokary durnuklylygy bilen tapawutlanýarlar, olar günde ulanylan ýagdaýynda-da bu material onlarça ýyl, hatda asyrlar boýy hem hyzmat edip bilýär. Ýöne alymlar dartgynlylygy sazlamak endigini ýokarlandyrmak üçin eksperimentleri dowam etdirmeli.
Trento uniwersitetiniň müdiri we derňew işiniň koordinatory şeýle belläp geçýär: “Dartgynlylyga garamazdan asyrlar boýy döwülmeýän aýnany göz öňüne getirip görüň. Munuň üçin diňe dartgynlylygy sazlamagy has içgin öwrenmek gerek”.

düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....