“Arashi” ýapon pop-toparynyň albomy dünýäde iň köp satylýan albom boldy

  • 24.03.2020 09:47
  • 4.1k+

Novostivl.ru  saýtynyň habar bermegine görä, “Arashi” ýapon toparynyň aýdymçylarynyň ýygyndysy toparyň bu orna mynasyp bolan ilkinji albomy bolmak bilen 2019-njy ýyl boýunça iň köp satylan albom boldy.
Kyodo informasion agentliginiň maglumatlary boýunça, pop-topar umumy alanyňda özüniň iýunda çykarylan “5x20 All the Best!! 1999-2019” albomynyň we oktýabrda satuwa goýberilen wideo ýygyndysynyň 3,30 mln nusgasyny satdy. 
Amerikan aýdymçysy Teýlor Swiftiň “Lover” albomy ikinji orny eýeledi, özüniň plastinkasyny aýdymçy “özüniň tutuş manysynda, bulam-bujarlykda we rahatlykda söýginiň baýramy” diýip atlandyrdy. Onuň premýerasy 23-nji awgustda geçirildi. Onuň yzyndan bolsa BTS günorta koreý toparynyň “Map of the Soul Persona” albomy ýerleşdi.
Ýaponiýada ses ýazyjy senagat Assosiasiýasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda Arashi toparynyň albomynyň iki mln-dan gowrak we wideoklip ýygyndysynyň 750 müňden gowrak nusgasy satyldy.
Arashi – Ýaponiýada iň meşhur aýdym-saz toparlarynyň biri, onuň ady ýapon dilinden terjime edilende “tupan” diýen manyny berýär. Bu topar 1999-njy ýylyň sentýabrynda Gonolulda döredilýär. 
Belli edilişine görä, 2021-nji ýyldan başlap topar näbelli möhlet bilen özüniň işini bes etmekçi bolýar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....