Türkmenistanda ýazky harby gulluga çagyryş möwsümi golaýlaýar

  • 22.03.2020 14:36
  • 8.8k+

Harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek, ýagny, ýaz möwsüminde – 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de güýz möwsüminde – 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar, diýip Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň web-saýtynda bellenilýär.
Türkmenistanyň «Harby gulluk we harby borçlulyk hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, harby gulluga 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar çagyrylýar.
Harby gulluga ugradyljak ýigitler bilen etrap hem-de şäher harby wekilliklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Raýatyň harby wekillikden harby bölüme ugradylan gününden harby gulluk başlanýar.
Esgerler öz ukyp-başarnyklaryna we raýat hünärlerine görä, harby bölümlere paýlanýarlar. Harby gullukda olara harby hünärler bilen birlikde, häzirki zaman harby tehnikalaryny dolandyrmak hem öwredilýär.
Geljekki esgerlere harby gullukçylaryň gündelik şertlerine öwrenişmek hem möhümdir. Harby gullukçylar adaty gün tertibine görä, agşam sagat 22:00-da ýatyp, irden 06:00-da turýarlar. Esgerler ukudan turan dessine beden maşklaryny ýerine ýetirýärler, uzak aralyklara ylgaýarlar we turnikde göwresini çekýärler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......