Iň gowy teatr onlaýn taslamasy “Teatral ýyldyzy” baýragy bilen sylaglanar

  • 21.03.2020 19:56
  • 2.4k+

Tomaşaçy gyzyklanmalarynyň “Teatral ýyldyzy” baýragy koronawirus pandemiýasy zerarly karantin wagtynda teatrlar tarapyndan döredilen onlaýn taslamalaryna gowşurylar. Bu barada TASS habar berýär. “Žurnalyň okyjylary iň original, döredijilikli we üýtgeşik proýektleri saýlamak, olary uzyn sanawa girizmek we tomusda bolsa ses bermek mümkinçiligine eýe bolarlar” – diýlip, baýragyň metbugat gullugynda habar berilýär.
Ýeňijiniň “Teatral ýyldyzy” baýragynyň saýtynda iýuldan dekabr aralygynda geçiriljek halkyň internet-seslenmesi esasynda saýlanyljakdygy bellenilýär. Ýeňijilere “karantine mynasyp art-jogaby üçin” baýrak gowşurylyş dabarasy 7-nji dekabrda Wahtangowa teatrynda geçiriler. “Teatral” žurnalynyň saýtynda teatr işgärleriniň karantin döwründe döreden we iş ýüzüne geçirýän proýektlerini ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. “Proýektleriň formaty dürli görnüşde bolup biler, ýagny şadyýan selfiden başlap onlaýn-monospektakllaryna çenli. Gülkünç fleşmoblardan wirtual premýeralara çenli” – diýip, metbugat gullugynda düşündirilýär. Çäräniň ýeke-täk şerti medeniýet jogabynyň özünde pozitiwi jemlemeginden ybarat. “Teatral ýyldyzy” baýragy 2008-nji ýylda esaslandyryldy. Baýragyň iň gowy aýratynlygy iň gowy proýektlere ses bermede professional tankytçylaryň däl-de, tomaşaçylaryň gatnaşýanlygyndadyr. Özüniň döredilen wagtyndan bäri bu baýrak tas 140 dalaşgäre gowşuryldy.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....