Netflix we YouTube Ýewropada translýasiýalaryň hilini peselderler

  • 21.03.2020 19:49
  • 4.4k+

Netflix striming-serwisi adamlaryň köp böleginiň koronawirus pandemiýasy zerarly öýde galýan wagtlarynda tora düşýän agramy azaltmak üçin Ýewropada görkezilýän wideolaryň hilini bir aýlap peselder. Kompaniýa ulanyjylary wideonyň hiliniň barybir gowy boljakdygyna ynandyrýar. Bu barada kompaniýanyň bildirişine salgylanmak bilen Wedomosti gazeti habar berýär.
“Netflix biziň Ýewropadaky ähli akymlarymyzda maglumatlary iberijiligiň tizligini peseltmäge başlamak kararyna geldi. Biziň hasaplamalarymyz boýunça, bu Netflix trafigini Ýewropa torlarynda, takmynan, 25% kemelder we biziň ulanyjylarymyz üçin ýokary hilli serwisi üpjün eder” – diýlip, kompaniýanyň bildirişinde bellenilýär.
19-njy martda Netflix-iň we YouTube-dan başlap beýleki serwisleriň HD-wideodan ýüz öwürmekligini sorap içki bazar meseleleri boýunça ýewrokomissar Týerri Breton ýüz tutdy. Özüniň Twitter sahypasynda ol beýleki striming serwisleriniň we tehnologik kompaniýalaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirendigini habar berdi.
Breton koronawirus pandemiýasyny ýeňmek üçin adamlar öýde galmaly bolýandygyny, munuň bolsa infrastruktura agram düşmegine getirýändigini belleýär.
“Hemmeler üçin internet-elýeterliligini saklar ýaly, geliň, HD zerurlyk ýok wagty standart çözgüde geçeliň” – diýip ýewrokomissar belleýär.
Kartinkanyň hilini çäklendirmek möhleti häzirlikçe 30 güne göz öňüne tutulan.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......