Koronawirus pandemiýasyna garşy nädip göreşmeli

  • 21.03.2020 17:52
  • 15k+

Dörän wagtyndan bäri täze koronawirus dünýä jemgyýetçiligini çylşyrymly ýagdaýda goýdy. Hytaýda ýarganatlardan ýokuşýan kesel baradaky habar epidemiýanyň ilki hepdelerinde özboluşly ýagdaý hasaplanylýardy.
Emma tiz wagtdan bu ýokanjyň ýaýraýyş tizligi onuň haýwanlardan gelip çykandygy baradaky habardan has öňe geçdi.
Epidemiýanyň dörän ýeri bolan 11 million ilatly Uhan şäherini karantine almak, şeýle hem müň näsaga niýetlenen hassahanany 10 günüň içinde gurmak baradaky Hytaýyň hökümetiniň gelen karary köplere aşa agyr görnüp biler. Emma soňrakky hepdeler HHR-iň hökümetiniň bu gören çäreleriniň ýerine düşendigini subut etdi, Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) hem belledi. Şol wagta çenli koronawirus dünýä döwletleriniň 140-dan gowragyna ýaýrady.
Bu günki gün, üç aýdan soň, ýagdaýlaryň has çylşyrymlaşandygy hemmelere mälim hakykat. 2020-nji ýylyň 11-nji martynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy COVID – 19 wirusyny pandemiýa diýip atlandyrdy. Bu bolsa bu meseläniň aýratyn möhümligini subut edýär.
Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň hökümeti ýagdaýy dolulygyna gözegçilik astyna aldy. Wirusyň ýurduň çägine aralaşmagynyň öňüni almak üçin birnäçe howpsuzlyk çäreleri görüldi. Netijede, Hytaýda koronawirusyň ýaýramagy bilen baglylykda, «Türkmenhowaýollary» ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Pekine, Bangkoga we Kuala-Lumpura howa gatnawlaryny ýatyrdy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi eýýäm şol wagtlarda keseliň aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen, serhetýaka nokatlarynda we welaýat arassaçylyk-epidemiologiýa gulluklarynda gözegçiligiň güýçlendirilendigini habar berdi.
BSGG 13-nji martda Ýewropany pandemiýanyň merkezi diýip yglan edenden soňra, «Türkmenhowaýollary» ýiti wirus ýokanç keselleriniň Türkmenistana getirilmeginiň öňüni almak we ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Stambula, Dubaýa, Abu-Dabi we beýleki Ýewropa şäherlerine gatnawlaryň ýatyrylýandygyny habar berdi. Bu karar kabul edilýänçä, Türkmenistana gelýän ähli raýatlar hökmany suratda karantinden geçmeli edildi.
30-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda ýokanç keselleriň ýurdumyza ýaýramagynyň öňüni almak boýunça ygtybarly çäreleriň görlendigini aýtdy.
Dünýädäki ýagdaýa syn edip, adamlar serhetleriň ýapylmagy bilen ilkinji zerurlykdaky azyk we senagat harytlarynyň üpjünçiliginde kynçylyklar ýüze çykar diýip, harytlary artygy bilen ýygnap goýjak bolup, emeli gytçylygy döredip howsala düşmegi mümkin. Käbirleri bolsa, koronawirus meselesini öz şahsy bähbidine peýdalanyp, bilkastlaýyn meseläni ulaltýarlar.
Bu babatda gopgunçylykly ýagdaý döretmäge zerurlyk ýok. Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyldan bäri ýerli kärhanalar we kompaniýalar tarapyndan importyň ornuny tutmak boýunça maksatnama hereket edýär. Ýurdumyzda harytlaryň we lukmançylyk-derman serişdeleriniň ýeterlik mukdary öndürilýär. Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň sergisi hem muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi.
Türkmenistan koronawirusy anyklamak üçin Rospotrebnadzordan test-sistemalaryny aldy.
Şu aşakdaky ýönekeýje düzgünleri berjaý edip, täze koronawirus zerarly ýüze çykýan ýiti öýken sowuklama keseliniň öňüni alyp bolar:
- Adamlaryň köpçülikleýin üýşýän ýerlerine barmazlyk;
- Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek: elleriňizi sabyn bilen mazaly ýuwmak, eller üçin antiseptik ulanmak;
- Jemgyýetçilik ýerlerinde hapa elleriň bilen ýüzüňi, gözleriňi ellemezlik;
- Otagyň içini ýelejiretmek;
- El gysyşmagy aradan aýyrmak.
Döwletleriň serhetleriniň ýapylmagy zerarly köp adamlaryň dogan-garyndaşlary daşary ýurtlarda galdy. Bu ýagdaýda hem öz ýakynlaryňyza şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý edip, adamlaryň köpçülikleýin üýşýän ýerlerinden gaýa durmagy maslahat beriň.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli gulluklaryň giň möçberli işiniň, öz wagtynda görlen çäreleriň hem-de olaryň işiniň takyk utgaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda howply koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny nygtady.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, 21-nji marta çenli ýagdaýa görä, dünýäde kesellänleriň jemi sany 272,068 adam, aradan çykanlar – 11,302, bu keselden bejerilenler – 90,618.

düýn 18:22
8.5k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

düýn 17:00
3.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....