Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça iş maslahaty geçirildi

  • 31.01.2020 01:15
  • 7.7k+

30-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri girizildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan ýokanç keselleriň, dümewiň ýaýramagyna gözegçilik boýunça maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu wezipeleriň ählisiniň üstünlikli çözülmeginiň, ilki bilen degişli jemgyýetçilik pikirini kemala getirmäge baglydygyny aýtdy. Şoňa görä-de, halkymyzyň saglygyny berkitmegiň döwrebap strategiýasyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleriň hatarynda wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işleri möhüm orun eýeleýär.
Döwlet Baştutany şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde arassaçylyk we gigiýena düzgünleriniň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini gazanmak maksady bilen, düşündiriş hem-de wagyz-nesihat işlerini mundan beýläk hem dowam etmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

09.04.2026 20:12
8k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

09.04.2026 14:53
2.6k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....