Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň forumy geçirilýär

  • 18.03.2020 16:48
  • 4.6k+

17-18-nji martda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty geçirilýär.
Söwda-senagat edarasynyň sergi jaýynda gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň 200-den gowragy öz diwarlyklaryny görkezýärler. Olaryň hatarynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary we welaýat guramalary hususy kärhanalar hem-de oba hojalygynda, azyk we gaýtadan işleýän senagatda, gurluşykda, gurluşyk serişdelerini we elektrik enjamlaryny öndürmekde, IT-tehnologiýalarda, şeýle hem söwdada, syýahatçylykda, bilimde, hyzmatlar ulgamynda, ulag we logistika ulgamlarynda, halk-amaly senetçilikde we beýleki ugurlarda işleýän hususy kärhanalar hem-de hojalyk jemgyýetleri bar.
Serginiň uly bölegi ýurdumyzyň işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň birine, ýerli çig maly ulanmagyň hem-de önümçilige tehnologik täzelikleri ornaşdyrmagyň esasynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalaryny döretmäge bagyşlanýar.
Möhüm döwlet maksatnamalaryny, ozaly bilen bolsa ýurdumyzy 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenilen meseleler bilen baglylykda ýurdumyzyň işewürler toparlarynyň öňünde durýan wezipeler günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda guralan maslahatyň barşynda ara alyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we onuň welaýat bölümleriniň geçiren işleri baradaky hasabatlaryny diňlediler, işewürligi alyp barmagyň möhüm meseleleri boýunça, şol sanda maýa goýum we innowasiýa işlerini, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri giňeltmegiň we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksporta iberilýän möçberlerini artdyrmagyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek boýunça pikir alyşdylar.
Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň yglan eden 13 ugur boýunça «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemleri jemlenildi.

düýn 14:53
1.5k+

Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola......

düýn 14:48
1.4k+

Casio «Ýyldyz söweşleriniň» stilinde täze sagatlaryny hödürledi

Casio kompaniýasy «Ýyldyz söweşleri» äleminiň muşdaklary üçin täze sagatlar toplumyny hödürledi. Oňa G-Shock we Baby-G modelleriniň binýadynda döredilen iki model girdi. Sagatlar «Ýyldyz söweşleri» äleminiň......

düýn 12:04
1.8k+

Xiaomi 17-niň satuwy 5 million enjama golaýlady

2026-njy ýylyň 18-nji hepdesine çenli Xiaomi 17 seriýasynyň satuwy 5 million enjama golaýlady, emma bu görkezijiler Hytaý bazarynda iPhone 17-niň netijelerinden ep-esli pes bolmagynda galýar....

13.05.2026 23:22
1.3k+

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....