Ýewropada Huawei Music serwisi işe girizildi

  • 20.03.2020 06:46
  • 2.8k+

Huawei hytaý kompaniýasy Google-iň firma serwislerinden barha daşlaşýar we özüniň hususy alternatiwalaryny taýýarlaýar. Olaryň biri hem ýaňy-ýakynda Ýewropada işe girizilen Huawei Music aýdym-saz çeşmesi boldy, bu barada igromania.ru belläp geçýär.
Mobil programmasy birnäçe dillerde elýeterli, şeýle-de ol Spotify we şuňa meňzeş beýlekiler bilen bäsdeşlik etmek üçin ýeterlik derejede kontenta eýe bolmaly. Bellenilip geçilişi ýaly, bu hytaý kompaniýasyna onuň smartfonlaryny satyn alyjylara Google hyzmatlaryna we tehnologiýalaryna elýeterlikde ABŞ tarapyndan gadaganlygyň bar wagtynda hem öňki ýaly şol bir mümkinçilikleri hödürlemäge kömek eder. Bu programma Huawei we Honor smartfonlarynda oturdylan. Ony AppGallery-dan ýa-da resmi sahypadan hem ýükläp almak bolýar. Huawei Music hem lokal faýllary, hem translýasiýa akymlaryny aýtdyrmaga mümkinçilik berýär. Onuň aýratynlyklarynyň arasynda “şagalaň režimi” we gurnalýan dizaýny bar. Elbetde, aýdym-saz kitaphanasynyň göwrümi boýunça Huawei Music Apple Music we bazaryň beýleki kompaniýalary bilen deňleşip bilmez, ýöne kompaniýa muny ýuwaş-ýuwaşdan düzeder.
Ýaňy-ýakynda Huawei habarlar serwisiniň üstünde iş alyp barmagyň çäklerinde Squid App şwed kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edip başlady. Huawei Music serwisi aslynda 2018-nji ýylda işe girizildi, ýöne häzire çenli ol Ýewropada elýeterli däldi.
Belläp geçsek, Huawei kompaniýasy ABŞ-nyň sanksiýalarynyň astynda ýerleşýär we ol Google-dan programmalary öz gurluşlaryna oturdyp bilmeýär. Şonuň üçin hytaý bäsdeşi özüniň hususy programma üpjünçiligini we ulanyjylar serwisini işläp düzmeli bolýar.

11.06.2026 13:03
7.4k+

Taryhda ilkinji gezek 48 toparly Futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berilýär

Şu gije futbol boýunça Dünýä çempionatyna badalga berler. Dabaraly açylyş oýun sagat 00:00-da başlap, “A”-toparçasyndan orun alan Meksika milli ýygyndysy bilen Günorta Afrika Resbuplikasynyň (GAR) ýygyndysynyň......

05.06.2026 13:07
4.8k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.6k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2.1k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....