Türkmenistan ýiti öýken sowuklama keseline garşy göreşmek üçin Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

  • 19.03.2020 22:42
  • 18k+

Türkmenistanyň goňşy Eýran Yslam Respublikasynda ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, 19-njy martda türkmen paýtagtyndan bu ýurda ynsanperwer kömegini iberdi. Degişli Buýruga Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini doganlyk eýran halkyna muzdsuz kömek hökmünde iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Ýörite ýük Horasan — Rezawi welaýatyna ýetirildi, bu ýere Deregez şäheriniň häkimi Ali Farahi, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales hem-de Deregez şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Mohandes Salimi, bu ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.
Bu welaýatyň resmi wekilleri ynsanperwerlik ýüküni çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, doganlyk kömegi üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistan ilkinjileriň hatarynda goňşy döwletiň halkyna ynsanperwer kömegini iberdi. Munuň özi ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk we umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerine ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.
Goňşy halklar bilen dostlukly gatnaşyklar türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biridir we ol nesilden-nesle geçip gelýär. Häzirki wagtda dünýäde giňden ýaýran ýiti öýken sowuklama keselinden Eýranyň raýatlarynyň birnäçesi ejir çekýär. Türkmenistan goňşy ýurt üçin şu kyn döwürde eýran halkyna doganlyk goluny uzatdy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......