Ronaldu öz myhmanhanalaryny hassahana öwürýär

  • 17.03.2020 09:10
  • 15k+

“Ýuwentusyň” lideri Kriştianu Ronaldu ýene bir gezek özüniň päk ýüreklidigini görkezdi, indi ol COVID-19 koronawirus pandemiýasyna garşy göreşe goşuldy, bu barada football24.ua habar berýär.
Belli bolşy ýaly, COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň merkezi Hytaýdan Ýewropa geçdi, köp ýurtlar karantine sezewar edildi, tas hemme milli çempionatlar hem saklanyldy. UEFA hem ýewrokubok ýaryşlaryny saklady we indi bolsa Ýewro-2020-ni yza süýşürmek mümkinçiligini gözden geçirýär.
Ýagny, UEFA Ýewropa çempionatyny 2021-nji ýyla süýşürmek barada resmi bildiriş aýdar. Bu barada championat.com portaly habar berýär. Şol sebäpli UEFA COVID-19 koronawirus epidemiýasynyň fonunda Ýewropa turnirleriniň ykbalyny çözmek üçin çäre gurnamakçy bolýar. Ol wideokonferensiýa görnüşinde 17-nji martda geçer. Oňa UEFA-nyň düzümine girýän 55 birleşikleriň wekilleri, ýewropa klublarynyň we ýewropa ligalarynyň ýolbaşçylary, şeýle-de professional futbolistleriň assosiasiýasynyň Halkara federasiýasynyň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň barşynda milli we ýewrokubok turnirleri bilen bir hatarda şu ýylyň tomsunda geçirilmeli bolan Ýewropa-2020 çempionatynyň ykbaly çözüler.
Portugaliýada karantinde bolýan Kriştianu Ronaldu bu howply kesel bilen göreşmekde bir çetde durmady. Ýuwentusyň lideri öz oteller ulgamyny mugt peýdalanyp bolýan hassahana öwürýär. Lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we beýleki personallaryň işine Ronaldunyň özi tölär, bu barada “Marca” gazeti habar berýär.
Ýatladyp geçsek, koronawirus gönüden-göni Ýuwentusa hem aralaşdy, bu kesel “Ýuwentus”-yň goragçysy Daniele Rugana hem degdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......