Smartfonlaryň ulgamyny dessin täzeleýän brendler belli edildi

  • 16.03.2020 21:11
  • 3.3k+

Android 10 çykanyndan alty aý geçenden soň, “Computerworld” žurnalynyň redaksiýasy smartfonlary Android-iň täze wersiýalary bilen dessin täzeleýän öndürijileriň sanawyny düzdi.
Bu reýtingde operasion sistemalary işläp düzüji Google kompaniýasy lider boldy: Android-iň täze wersiýasyna elýeterliligi onuň hususy Pixel smartfonlary has köp gazanýarlar. Täzeleme tizligi boýunça ikinji orny OnePlus kompaniýasy eýeleýär. Hytaý kompaniýasy özüniň smartfonlaryny Android 10-yň final wersiýasy çykanyndan birnäçe günden soň täzelemäge başlady.
Reýtingiň üçünji we dördünji orny degişlilikde Samsung we LG günortakoreý kompaniýalaryna degişli boldy. Üstümizdäki ýylda öndürijileriň ikisi hem öz gajetleri üçin täzelenmäni çalt çykaryp başladylar. Meselem, LG kompaniýasy ABŞ-da G8-iň eýeleri üçin Android 10 wersiýasyny final wersiýasy çykanyndan dört aýdan soň, ýagny şu ýylyň ýanwar aýynyň ortalarynda çykardy. Galaxy S10 we Galaxy Note 10 modelleri bolsa Android-iň täze wersiýasyna dekabrda eýe boldular.
Reýtingiň soňky orunlaryny öz smartfonlary üçin täzelemäni çykarmaga howlugmaýan kompaniýalar paýlaşdy: HTC, Motorola (Lenovo), Sony, Essential we Nokia. Bu kompaniýalar bary-ýogy birnäçe gurluşlary üçin täzelenmäni çykarmaga ýetişdiler. Bir zady belläp geçmek gerek, bu derňew ABŞ-nyň territoriýasynda işjeň hereketi alyp barýan kompaniýalara degişlidir. Bu sanawda Xiaomi, Huawei, Vivo we ş.m kompaniýalar ýok.

şu gün 16:56
832

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
1k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1.1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....