Türkmenistanyň Mejlisi elektron resminama dolanyşygy hakynda Kanuny kabul etdi

  • 15.03.2020 22:52
  • 4.8k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda deputatlar «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny biragyzdan makulladylar we kabul etdiler.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň, elektron Hökümet ulgamyny ornaşdyrmagyň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berjekdigini nygtady. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli ähli ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde, edaralarda we kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamy hem-de Internet web-saýtlar dörediler. Şeýle işleri hususy kärhanalar hem ýerine ýetirmeli bolarlar.
Şunuň bilen baglylykda, täze kanun aýratyn ähmiýete eýe bolup, elektron resminamalarynyň, elektron resminama dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Elektron resminama dolanyşygy — bu maglumat tehnologiýalaryny we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny peýdalanmak bilen, elektron resminamany işläp taýýarlamak, ibermek, bermek, almak, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak, gabamak we ýok etmek bilen bagly bolan awtomatlaşdyrylan işleriň jemi bolup durýar.
Elektron resminamasy şertnamalary baglaşmak, hasaplary geçirmek, resmi we resmi däl hatlary alyşmak we beýleki maglumatlary bermek üçin ulanyp bilner.
Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan Döwlet hyzmatlarynyň e.gov.tm saýtynyň işe girizilmegi şanly waka boldy. Bu portal ýurdumyzyň raýatlaryna hem-de işewürlikdüzümlerine elektron görnüşindäki döwlet hyzmatlaryny hödürlemek üçin «Bir bitewi penjire» awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy bolup durýar.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......