Hytaýda koronawirus bilen kesellänleriň 83%-i sagaldy

  • 15.03.2020 14:05
  • 12k+

Hytaýda koronawirus bilen kesellänleriň sany gün-günden azalýar. Kesellänleriň 82,7%-i hassahanadan çykaryldy, bu kesel zerarly aradan çykanlaryň sany häzirki wagtda HHR-de 3,95%-e ýetdi. Muňa HHR-iň saglygy goraýyş meseleleri boýunça döwlet geňeşiniň maglumatlary şaýatlyk edýär. Bu barada Trend agentligi Ria Nowosti agentligine salgylanyp habar berýär.
Soňky maglumatlara görä, Hytaýyň çäklerinde koronawirus bilen kesellänleriň sany 80 844 adama ýetdi, şolardan 66 991 adam bejerildi we hassahanadan çykaryldy. Bu bolsa kesellänleriň umumy sanyndan 82,7%-e barabardyr. Epidemiýa başlan wagtyndan bäri, tutuş Hubeý welaýatyny hasaba almazdan, Hytaý boýunça ýokanç kesel bilen kesellänleriň sany 13 050 adama ýetdi, olardan 114-si aradan çykdy (0,87%). Epidemiýanyň dörän ýeri bolan Hubeý welaýatynda 67 794 adamda bu kesel ýüze çykaryldy, şolardan 3085 adam aradan çykdy (4,5%).
Soňky wagtlarda Hytaýda epidemiologik ýagdaý kadalaşýar. Soňky günlerde tutuş ýurt boýunça bary-ýogy 20 adamda bu kesel ýüze çykaryldy, şolardan 16-sy Hytaýa daşary ýurtlardan gelenlerde ýüze çykaryldy we dördüsi Hubeý welaýatynda tapyldy.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......