Türkiýe 14 döwletiň raýatlaryna ýurda girmegi gadagan etdi

  • 15.03.2020 09:12
  • 16k+

Türkiýe täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş çäreleriniň çäginde 14 sany döwletiň raýatlaryna ýurduna girmegi gadagan etdi. Bu barada ORIENT agentligi «Anadoly» türk habarlar agentligine salgylanyp habar berýär.
Öň, Türkiýe 3-nji fewraldan başlap, Hytaý bilen howa gatnawyny kesdi, 23-nji fewraldan – Eýran, 29-njy fewraldan bolsa – Yrak, Günorta Koreýa we Italiýa.
14-nji martda Türkiýe Germaniýadan, Ispaniýadan, Norwegiýadan, Fransiýadan, Awstriýadan, Daniýadan, Şwesiýadan, Belgiýadan we Niderlandlardan gelýän ýolagçylaryň ählisine ýurduň serhedindäki barlag-goýberiş nokatlaryndan geçmegi gadagan etdi.
Degişli görkezmä 13-nji martda Türkiýäniň içer işler ministri Süleýman Soýlu saglygy goraýyş ministri Fahrettin Goja, adalat ministri Abdulhamit Gülen we ulag we infrastruktura ministri Mehmet Jahit Turhan bilen geçiren bilelikdäki mejlisiniň netijeleri boýunça gol çekdi.
Gadaganlyk 2020-nji ýylyň 17-nji apreline çenli hereket eder. Bellenilip geçilen döwletleriň ýaşaýjylaryndan başga-da, soňky 14 günüň dowamynda sanalyp geçilen döwletlerde bolan üçünji döwletleriň raýatlaryna hem gadaganlyk degişlidir.
Resminama laýyklykda, Türkiýeden şol döwletlere gitmeklik hem wagtlaýyn saklanylýar. Şol bir wagtda Türkiýeden Germaniýanyň, Ispaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň, Norwegiýanyň, Daniýanyň, Şwesiýanyň, Belgiýanyň we Niderlandlaryň raýatlarynyň gitmegine gadaganlyk degişli däldir.
Daşary ýurt gämileriniň ählisi Türkiýäniň portlaryna girmezden ozal gäminiň soňky baran 10 sany portunyň sanawyny bermelidir. Eger-de gämi Hytaýda, Eýranda, Italiýada, Germaniýada, Şwesiýada, Niderlandlarda, Fransiýada, Ispaniýada, Daniýada, Norwegiýada, Belgiýada, Tailandda, Ýaponiýada, Günorta Koreýada, Gonkongda we Singapurda bolan bolsa, ýa-da şol döwletleriň raýatlaryny soňky 14 günüň dowamynda gatnadan bolsa onda zerur bolan çäreler görler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......