Lukmanlar organizmi wirusdan goramak üçin gerek bolan önümleri aýtdylar

  • 12.03.2020 22:03
  • 9.1k+

Ispaniýanyň lukmanlary immun sistemasynyň işine ýardam bermäge kömek etjek önümleri sanap geçdiler. Bu maslahatlaryň temperaturanyň tiz üýtgeýän döwürlerinde has hem möhümdigi bellenilip geçilýär.
Sanawyň başynda lukmanlar sarymsagy ýerleşdirýärler. Önüm tebigy antibakterial, antiwirus we garabaş keseline garşy serişde hasaplanylýar. Mundan başga-da, ekspertler rasiona E witaminine baý bolan badamy we dem alyş ýollaryny goraýan çernikany, beta-karotinli süýji ýeralmany we düzüminde witaminleri, minerallary, antioksidantlary we kletçatkalary saklaýan brokkoli goşmagy maslahat berýärler.
Sowuklama wagtynda lukmanlar towuk etinden ýa-da hindi towugyndan taýýarlanylan çorbany içmegi maslahat berýärler. Ol organizmde nemiň emele gelmeginden dyndarar. Immuniteti berkitmäge bolsa zenjebil, kurkuma, gök çaý we kefir kömek eder. Gök çaý antioksidantlaryň uly mukdarynyň kömegi bilen organizme uly peýda getirer.
Hünärmenler kömelegi, gara şokolady, sitrus miwelerini, nary, kiwini we ysmanagy hem peýdaly diýip atlandyrdylar.

düýn 23:49
321

Ýewropada Alsgeýmer keselini anyklamak üçin täze gan barlagy tassyklanyldy

Şweýsariýanyň Roche derman senagaty kompaniýasy Alsgeýmer keselini anyklamak we inkär etmek üçin «Elecsys pTau217» gan barlagyny ulanmaga Ýewropadan rugsat aldy....

11.05.2026 23:10
2.9k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.6k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....