Bilermen täze koronawirus epidemiýasynyň tamamlanjak möhletini aýtdy

  • 10.03.2020 21:54
  • 15k+

COVID-19 (koronawirusyň täze görnüşi esasynda dörän kesel) ýurtlarda şu ýylyň iýun aýyna çenli saklanar. Şeýle çaklamany duşenbe güni HHR-iň saglygy goraýyş işleri boýunça Döwlet komitetiniň epidemiýa bilen göreş boýunça ýörite komissiýasynyň ýolbaşçysy Çžun Nanşan öňe sürdi. Bu barada TASS habar berýär.
“Ýurtda epidemiýanyň ösüşi barada aýdylanda, ol azyndan iýun aýyna çenli saklanar” – diýip, “Ženmin Žibao” gazeti onuň sözlerini getirýär. Onuň aýtmagyna görä, wirus ýaýrawynyň öňüni almak üçin serhetlerde sanitar gözegçiligini güýçlendirmek we epidemiýa ýaýran daşary ýurtlardan gelýänler üçin berk karantin syýasatyny gurnamak gerek.
Muňa garamazdan, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň saglygy goraýyş çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ýerine ýetiriji müdiri Maýkl Raýan koronawirusyň tomusda ýitip gitmegini şübheli diýip atlandyrdy.
“Wirusyň tomusda ýitip gitjekdigine umyt etmek nädogry bolup durýar. Biz şeýle boljakdygyna umyt edýäris, ýöne bu şeýle bolsa ykbalyň sowgady bolar. Häzirlikçe bolsa biziň şeýle çaklamaga esasymyz ýok.
Şonuň üçin bu zatlaryň öz-özünden boljakdygyna umyt edip oturman, wirus bilen häzir göreşmeli” – diýip, ol CNBS telekanalynda mälim edýär.
Häzirki wagtda birnäçe döwletlerde koronawirusa garşy sanjym taýýarlanylýar. Sanjym taýýarlamagyň tizligi boýunça HHR-iň alymlary yza galanok, olar eýýäm aprelde sanjymlaryň käbirlerini kliniki barlaglardan geçirmekçi bolýarlar.
Amerikan alymlary hem sanjymlary adamlarda barlaglardan geçirmäge aprelde başlarlar. Bu barada ABŞ-nyň allergiýa we infeksion keselleriniň Milli institutynyň müdiri habar berdi. Ol sanjym koronawirus bilen göreşmekde täsirli bolar diýip çaklaýar.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......