2020-nji ýylyň geljegi üýtgetjek 10 sany tehnologiýasy

  • 07.03.2020 16:55
  • 9.8k+

Massaçusets tehnologik institutynyň “MIT Technology” žurnaly 2020-nji ýylyň geljekde dünýäni üýtgetjek on sany tehnologiýasy baradaky materialyny çap etdi, bu barada capital.ua habar berýär.
MIT hünärmenleriniň gürrüň beren täze tehnologiýalary adamlaryň diňe bir gündelik durmuşyny üýtgetmän, eýsem, olaryň aragatnaşygy alyp baryş usulyny üýtgeder.
1.Hemralaryň mega-ýyldyzlar toplumy. Hemra mega-ýyldyzlar toplumynyň döredilmeginiň esasy maksady adamlary ýer ýüzüniň ähli künjeginden internete ýokary tizlikli elýeterlilik bilen üpjün etmekden ybarat. Şeýle hemralaryň taýýarlanmasy we işe girizilmesi bilen, meselem, Ilon Maskyň “Starlink” kompaniýasy meşgullanýar.
2.Jübi emeli intellekti. Emeli intellektiň tehnologiýalary 2020-nji ýylda adaty ulanyjylar üçin has hem elýeterli bolar. Smartfon Al-tehnologiýalar dünýäsine esasy ýolbelet bolup hyzmat eder, ilkinji nobatda akylly programmalaryň kömegi bilen.
3.Mikrobiologiýada emeli intellekt. Emeli intellektiň kömegi bilen lukmanlar we biologlar seýrek duş gelýän keselleri bejermek üçin täze dermanlary we antibiotikleri taýýarlaýarlar.
4.Kwant kompýuterleri. Geçen ýylyň güýzünde Google kompaniýasy “kwant agdyklygy” barada resmi taýdan mälim etdi. Ýöne kompaniýada tehnologiýalaryň heniz diňe bir hasaplamany ýerine ýetirmäge ukyplydygyny, dürli ýumuşlary çözmek üçin kwant maşynlarynyň ulanylmagynyň bolsa enteklikçe daşdadygyny aýtdylar.
5.Klimatyň üýtgemegini çaklama. Hasaplaýjy tehnikalaryň kuwwatlylygynyň artdyrylmagy adamzadyň klimatyň üýtgemegini we onuň netijelerini has gowy çaklap bilmegine getirdi.
6.Ömri uzaldyjy serişdeler. Medisina häzirki wagtda rak we ýürek keseli ýaly diňe bir esasy “asyryň kesellerini” bejermek meselesi bilen meşgullanmaýar. Lukmanlar adam ömrüni uzaldyjy serişdeleri we tehnologiýalary işläp taýýarlamak bilen hem meşgullanýarlar.
7.Howpsuz internet. Geljegiň trendi kwant torundan ybarat. Olar howpsuz we ondaky informasiýalar has gowy şifrlenen.
8.Sanly pullar. Walýutalaryň sanlaşdyrylmagy ösmegini dowam etdirer. Eýýäm häzir adamlaryň köp bölegi kagyz pullaryndan peýdalananok.
9.Giperpersonallaşdyrylan medisina. Dermanlar her bir syrkawyň zerurlygy esasynda dörediler. Giperpersonallaşdyrylan medisina bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýän adamlara umyt berer.
10.Differensial hususylaşdyrma. Differensial hususylaşdyrma 2020-nji ýylda amerikan ilat ýazuwy wagtynda ulanylar. Bu usul anyk adamlar barada köp informasiýany ýygnamaga mümkinçilik berýär.

şu gün 11:22
1.1k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2.1k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......