Ortaýer deňziniň berhizini tutmak sagdyn garrylyga eltýär

  • 06.03.2020 23:19
  • 3.1k+

Barlagçylaryň halkara topary ortaýer deňziniň berhiziniň adamyň sagdyn garramasyna täsir edýändigini anykladylar. Bu barada live24.ru habar berýär.
Şeýle netijeler bäş ýurtdan 500 adamyň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe barlaglardan soň alyndy.
Barlaga gatnaşýanlar 65-den 79 ýaş aralygynda bolup, olar Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň, Fransiýanyň we Niderlandiýanyň ýaşaýjylarydy. Ähli gatnaşyjylar 2 sany topara bölündi.
Ýylyň dowamynda birinji toparda 289 adam adaty rasion boýunça iýmitlendiler, ikinji topardan 323 adam bolsa ortaýer deňziniň berhizine geçdiler, bu berhiziň düzüminde balyk, zeýtun ýagy, noýba, hoz, gök önümler we ir-iýmişler bardy.
Gözegçilik edilmäniň netijesi doýgun ýaglary we gyzyl eti kabul eden birinji toparyň adamlarynyň içege mikrobiomalarynyň ýagdaýynyň sagdyn iýmiti kabul eden ikinji toparyň wekillerine garanda, erbetdigini görkezdi.
Bu adam organizmine köpräk peýdaly bakteriýalaryň gerekdigi bilen düşündirilýär. Olar garrama prosesini tizleşdirmäge ýardam edýän sowuklamanyň we beýleki keselleriň ýüze çykmak howpuny peseldýär. Şeýlelik bilen ortaýer deňziniň berhiziniň “sagdyn” garrama ýardam edýändigini arkaýyn aýtmak bolýar.
Alymlar bakteriýalaryň ýöreýşiň tizligine we beýniniň işine oňaýly täsir edýändigini anykladylar. Mundan başga-da, ortaýer deňziniň berhizi kletçatkalaryň, witaminleriň we mis, demir, kaliý, marganes, magniý ýaly minerallaryň barlygyny hem göz öňünde tutýar. Ýagny, organizmiň ýaşlygyny saklamak üçin dietologlar iýmitlenişiň ortaýer deňiz režimini saklamagy maslahat berýärler.

12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....