Koronawirus zerarly Luwry wagtlaýyn ýapdylar

  • 04.03.2020 11:25
  • 6.4k+

Fransiýanyň hökümeti ýurtda bäş müňden köp adamyň gatnaşmagynda uly çäreleri geçirmegi gadagan etdi. Şonuň netijesinde mart aýynyň 20-sinden 23-i aralygynda geçirilmeli bolan, hasap boýunça 40-njy uly “Livre Paris” kitap sergi-ýarmarkasy hem ýatyryldy.
Ýekşenbe güni Luwr muzeýi näbelli möhletlere çenli ýapyldy. Muzeýiň wekiliniň habar bermegine görä, Luwruň direksiýasy Fransiýada koronawirus epidemiýasynyň howpy bilen baglylykda işgärler bilen maslahat geçirýär. Bu barada TASS habar berýär.
“Sanitar ýagdaýy we mümkin bolan öňüni alyş çäreleri zerarly muzeýiň açylyşy soňa goýulýar” – diýip, administrasiýa wekili mälim etdi. Ol maslahatyň dowam edýändigini hem belläp geçdi.
Muzeýiň wekilleri ýüze çykan oňaýsyzlyk üçin ötünç sorap, ýagdaýyň gidişi barada habar berjekdiklerini aýtdylar.
Fransuz Luwry dünýäde iň gelim-gidimli muzeý bolup durýar. Şonuň üçin muzeýiň professional birleşiginiň wekili Andre Sakristeniň bellemegine görä, işgärler üçin Covid-19 bilen kesellemek howpunyň derejesi ýokary, çünki her günde muzeýe dünýäniň ähli ýerinden müňlerçe adam gelýär.
Luwruň direksiýasynyň ýakyn wagtda muzeýiň işi bilen bagly belli bir çözgüdi habar etmegine garaşylýar. Fransiýanyň hökümetiniň soňky maglumatlary boýunça, ýurtda koronawirus bilen kesellänleriň sany 100-e ýetdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......