Xiaomi SIM kartalary we microSD-ini birleşdirdi

  • 01.03.2020 15:18
  • 6.6k+

Tiz wagtdan Xiaomi-niň çözgütler assortimentiniň SIM karta bilen üsti ýetiriler. Ýöne adaty SIM bilen däl-de, belli bir göwrümli içki fleş-ýatly SIM bilen. Şeýle ýagdaýda täze önüm iki sany roly, ýagny, adaty SIM görnüşinde aragatnaşygy üpjün etmek, şol bir wagtda microSD görnüşinde maglumatlary saklamak rollaryny ýerine ýetirer. Şeýle kartoçka microSD kartoçkalary üçin göz öňünde tutulýan aýratyn böleklerden “mahrum edilen” smartfonlar üçin niýetlenilen: köplenç bular öňdebaryjy modeller, kähalatlarda-orta derejedäki smartfonlar. Bu çözgüt 4K we 8K ygtyýarly wideolary düşürmek üçin hem oňaýly bolar, şeýle smartfonlaryň sany gün geçdigiçe artýar.
Xiaomi şeýle kartoçkany eýýäm patentledi, onuň çykmagyna-da garaşylýar, ýöne möhleti heniz atlandyrylanok. Mümkin, kompaniýa operatorlar bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglanyşmak gerekdir.
Şonuň bilen birlikde, Xiaominiň önüminde hiç hili ýokary innowasionlygyň ýokdugyny hem belläp geçmeli. Meselem, geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda Ziguang ýerli kompaniýasynyň 32, 64 ýa-da 128 GB göwrümli içki fleş ýatly Super SIM-niň satuwy başlady. Ony işläp düzüjiler tehnologiýany kämilleşdirmegiň çäklerinde Super SIM-iň fleş-ýadynyň göwrümini 1TB çenli artdyrmaga wada berýärler. Xiaominiň SIM-kartalarynda näçe fleş-ýadyň boljakdygy bolsa habar berlenok.

şu gün 11:01
2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......