Koronawirus zerarly Ženewa awtosalony hem ýatyryldy

  • 28.02.2020 23:21
  • 6k+

Halkara Ženewa awtosalony (- – GIMS) soňky pursatda ýatyryldy.
Degişli habar motor-şouň resmi saýtynda peýda boldy. Bu çäre sentýabra geçirilýär. Belläp geçsek, her ýylda bu tomaşany gurnaýjylaryň Şweýsariýanyň hökümetiniň degişli kararyndan soň başga çykalgasy galmady.
Şweýsariýanyň hökümeti şu gün irden 1000-den köp adamyň bir ýerde köpçülikleýin ýygnanmagyny resmi taýdan gadagan etdi. Gadagan etme 15-nji marta çenli hereket eder. Bu Ženewada 90-njy ýubileý awtosalonynyň hem resmi taýdan ýatyrylandygyny aňladýar. Awtosalon köpçülik üçin öz gapylaryny 3-nji martda açmalydy we ol 15-nji martda tamamlanmalydy. Awtosalonyň açylyş dabarasy “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň netijesini yglan etmekden başlanmalydy. “Awtosalonyň ýatyrylmagy biziň kararymyz däl. Biz hökümetiň maslahatlaryny berjaý etmeli” – diýip, Ženewada awtosalonyň müdiri Oliwýe Rih çäräniň ýatyrylmagyna teswir berdi.
Ýatladyp geçsek, Ženewa motor-şounyň geçiriljekdigi ýa-da däldigi barada soňky pursata çenli dürli habarlar gelip gowuşdy. Ilki bilen “Autocar” neşiri awtosalonyň administrasiýa çeşmelerine salgylanmak bilen goňşy Italiýada bellige alnan epidemiýa ýaýrawyna garamazdan, onuň geçiriljekdigini habar berdi. Şeýle-de bolsa, awtosalonyň ýatyryljakdygy baradaky gürrüňler bes edilmedi.
27-nji fewralda motor-şouny gurnaýjylaryň Ženewadaky resmi bildirişi bu soraga nokat goýan ýaly etdi. Onda GIMS-iň wekilleri çäräniň meýilnama laýyklykda öz gapylaryny 2-nji martda açýandygy barada aýdylýan ýörite habarlaryny ýaýratdylar. Bu güne “Ýylyň awtomobili Ýewropa-2020” bäsleşiginiň baýragynyň gowşurylyş dabarasy bellenilipdi.
“Biz gynanç bilen Ženewa awtosalonynyň ýatyrylýandygyny habar berýäris. Çäre has giç möhlete geçirilip bilinmez. Bu onuň masştaby zerarly mümkin däl” – diýip, sergini gurnaýjylar belleýärler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......