Redmi Note 8 dünýäde Android-li iň köp satylýan smartfon boldy

  • 28.02.2020 22:48
  • 8.6k+

Canalys analitik kompaniýasy 2019-njy ýylyň jemi boýunça smartfonlaryň halkara bazarlarynyň derňewiniň netijesini neşir etdi we smartfonlaryň iň köp satylýan modellerini atlandyrdy. Bu barada ixbt.com web-saýty habar berýär.
Reýtingiň köp bölegini iPhone smartfonunyň dürli modelleri eýeledi. Satuwyň lideri iPhone XR boldy, ikinji ýeri bolsa iPhone 11 eýeledi. Onuň yzyndan Samsung Galaxy A10, A50 we A20 gelýär. Gyzykly ýeri hem, bu reýtingde Xiaomi kompaniýasy özüniň Redmi Note 7 smartfony bilen ýeke-täk hytaý kompaniýasy boldy.
Eger-de tutuş ýyly göz öňünde tutman, diňe dördünji çärýegi alsak, bu ýerde eýýäm biraz üýtgeşme bolup geçýär. Ýylyň soňky çärýeginde iPhone 11 lider boldy. Şonuň bilen birlikde çärýek boýunça Android-li smartfonlaryň arasynda koreý Samsung-y däl-de, hytaý kompaniýasy Xiaomi-niň Redmi Note 8 smartfony geçen ýylyň dördünji çärýeginiň jemi boýunça dünýäde Android-iň binýadyndaky iň köp satylýan smartfon boldy. Ol Samsung Galaxy A10s, A20s we A30s smartfonlaryndan öňe geçdi. Onlugy Redmi Note 8 Pro jemleýär.

şu gün 11:01
2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......