MWC 2020 sergisiniň iň gowy smartfony belli edildi

  • 28.02.2020 22:34
  • 5.8k+

Koronawirus zerarly meşhur MWC 2020 sergisiniň ýapylandygyna garamazdan, çärede görkezilmegi göz öňünde tutulan tehnika barada kesgitli informasiýalar bar. Esasanam, ekspertler geçirilmedik serginiň iň gowy smartfonuny belli etmegi başardylar. Bu barada oane.ws habar berýär.
Ilkibaşda ondan gowrak kompaniýa MWC 2020 sergisine gatnaşmak islemeýändigini mälim etdi, guramaçylar bolsa çäräni ýatyrmaly boldular, beýle ýagdaý onuň 33 ýyllyk taryhynyň içinde ilkinji gezek bolup geçdi. Şeýle-de bolsa, ünsi özüne çekmegi başaran gurluşlar öň meýilleşdirilen grafika boýunça baýraga eýe boldular. 26-njy fewralda OnePlus hytaý kompaniýasynyň müdiri Pit Lau firmanyň 7T Pro smartfonunyň “Iň gowy smartfon” baýragyna eýe bolandygy baradaky resmi habar bilen çykyş etdi. Serginiň inisiatorlarynyň belleýşi ýaly, bu mobil apparatynyň öňüne geçmek mümkin däl, ol özüniň tizligi, gowy programma üpjünçiligi we çalt zarýadlanma mehanizmi bilen tapawutlanýar. Model 6,7 dýuýmly AMOLED ekrany, 48 megapikselli üç yzky kamera, 4085 mA/sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Umumy sanawda Huawei P30 Pro, Samsung Galaxy Fold we iPhone 11 Pro hem ýeňiji boldy.
MWC 2020 sergisi Kataloniýanyň merkezi Barselonada 24-26-njy fewralda geçirilmelidi, ýöne koronawirus zerarly çäre ýatyryldy. Guramaçylar howply epidemiýa ýaýrawy bilen baglylykda sergini şowly geçirmegiň mümkin däldigini belleýärler.
Geçen ýyl “Iň gowy smartfon” baýragyna Huawei Mate 20 Pro eýe bolupdy.

şu gün 11:01
2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......