Microsoft Windowsda “Pusk” menýusyny täzeleýär

  • 27.02.2020 22:09
  • 2.7k+

Microsoft kompaniýasy Windowsda plitkaly interfeýsi aýyrmak bilen “Pusk” menýusyny täzelär. Bu barada ony işläp düzüjilere salgylanmak bilen piter.tv habar berýär.
“Plitkalaryň” ulanyjylaryň has köp ulanýan programmalarynyň sanawy bilen çalşyryljakdygy bellenilýär. “Pusk” menýusynyň üýtgedilmegi täzelemäniň ýakyn wagtdaky tapgyrlarynda göz öňünde tutulan we ol 2021-nji ýyla çenli ýerine ýetiriler. Kompaniýa menýuny häzirki elementleriň ýörgünli däldigi sebäpli üýtgetmek isleýär.
“Plitka” Windows 8 bilen birlikde 2012-nji ýylda ýüze çykdy. Onda programmalaryň ýarlyklary, internet hyzmatlaryna salgylanmalar, wijetler we habar beriji informasiýalar ýerleşdirilen. Şeýle dizaýn Windows 10-yň mobil wersiýasynda ulanylypdy.
Plitka elementleri eýýäm Windows 10X-iň şekili işläp düzüjiler tarapyndan fewralyň başynda hödürlenilen menýusyndan ýitdi. Žurnalistler Windowsyň nusgawy wersiýalarynyň geljekki täzelemelerinde dizaýn çözgüdi Windows 10X –den alnar diýip hasaplaýarlar.
2019-njy ýylyň ahyrynda Microsoft Windows-yň täze grafiki konsepsiýasyny hödürledi. Dizaýnerler uly belgileriň peýdasyna ýasy belgilerden ýüz öwürmek bilen, ulgamlaýyn programmalaryň we Office paket programmasynyň täzelenen logotiplerini görkezdiler.

şu gün 11:01
2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......