UEFA koronawirus zerarly Ýewro-2020-ni yza süýşürip ýa-da ýatyryp biler

  • 27.02.2020 09:19
  • 6.7k+

UEFA-nyň wise-prezidenti Mikele Uwa nähili ýagdaýda Ýewropa-2020 çempionatynyň süýşürilip ýa-da ýatyrylyp bilinjekdigini aýtdy. Ýöne onuň wagt boýunça ýa-da geografik taýdan süýşüriljekdigi barada heniz maglumat ýok.
Ýewropanyň çempionaty 2020-nji ýylda 12-nji iýundan 12-nji iýul aralygynda geçer. Ýatladyp geçsek, turniriň bu gezek bir-iki hojaýyny bolmaz, taryhda ilkinji gezek turniriň final böleginiň oýunlary 11 döwletiň 12 şäherinde geçiriler – Amsterdamda, Bakuda, Bilbaoda, Budapeştde, Buharestde, Glazgoda, Dublinde, Kopengagende, Londonda, Mýunhende, Rimde we Sankt-Peterburgda.
“Häzirki wagtda biz ýagdaýlaryň ösüşine gözegçilik edýäris. Futbol ýurtda ýagdaýa görä gurnalmaly. Biz turniri saklamazlyga çalyşýarys. Ýagdaýlar erbetleşse, ýaryşlar hem bes ediler” – diýip, Rai Radio 1 Sport-a salgylanmak bilen rsport.ria.ru Uwanyň sözlerini getirýär.
Ýewro-2020-niň ýurt-hojaýynlarynyň biri Russiýa bolar. Turniriň dört duşuşygy Sankt-Peterburgda geçiriler. Krestow adasyndaky meýdança toparlaýyn raundyň üç oýnuny we dörtden bir finaly kabul eder.
Uwanyň sözleri Ýewropanyň esasy futbol guramasynda çempionatyň ýatyrylmagy bilen bagly soragyň maslahatlaşyljakdygyny aňladýar. Ýogsa-da, Ýewro-2020 – bu ýygyndy toparlar üçin tomusda geçirilmän bilinjek ýeke-täk uly futbol turniri däl. Geljek üç aýyň içinde Olimpiada-2020-niň hem ykbaly çözülmeli.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......