Vivo Apex bäş minudyň içinde 50%-e çenli zarýadlanyp biler

  • 26.02.2020 19:51
  • 4k+

Tiz wagtdan zarýadlanmasy boýunça rekordsmen boljak Vivo Apex smartfonunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler. Kuwwatlylygy 120 Wt bolan tiz zarýadlanmanyň Super FlashCharge tehnologiýasynyň kömegi bilen smartfon bäş minudyň içinde 50%-e çenli we 13 minudyň içinde bolsa 100%-e çenli zarýadlanyp bilýär. Bu barada actualnews.org habar berýär. Bu täze önümiň aýratynlygy ekranasty frontal kameradan ybarat.
Aslynda bu täze smartfonuň anonsy ozalky hepde geçirilmelidi, ýöne Mobile World Congress 2020 sergisiniň ýatyrylmagy bilen onuň anons senesi süýşürildi.
Vivo kompaniýasy Vivo Apex smartfonunyň esasy aýratynlyklary barada aýdylýan iki sany posterini neşir etdi. Smartfon suraty täzeleme ýygylygy 120 Gs bolan ekrana eýe bolar. Yzky panel esasy kameranyň tegelek blogyndan we iki sany datçikden ybarat. Korpusyň ýokarky bölegi periskop zumynyň bardygyny görkezýär. Öňki modeller ýaly Vivo Apex 2020 hem düwmeler we bölekler bilen üpjün edilmedi. Apparatyň akkumulýatorynyň sygymy 4000 mA/sag barabar. Ýöne, gynansak-da, bu smartfon barada başga maglumat ýok. 
Ýatladyp geçsek, Vivo Apex 2018 frontal kameranyň korpusdan öňe çykyp bilýändigi baradaky ideýany öňe sürdi, Vivo Apex 2019 bolsa smartfonlara dolandyryşyň fiziki düwmeleriniň hökmany däldigini görkezdi.

şu gün 11:01
2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......