“Akylly” kontakt linzasy reňkini üýtgetmek bilen göz keselini anyklap bilýär

  • 26.02.2020 14:05
  • 5k+

Adamda göz keseliniň bardygyny ýüze çykarandan soň reňkini üýtgetmäge ukyply bolan özboluşly “akylly” kontakt linzasy döredildi. Ol keseli anyklaýyş işini real wagt režiminde amala aşyrýar. Bu barada actualnews.org habar berýär.
Bu “akylly” linzanyň üstünde HHR-niň ylymlar Akademiýasynyň garamagyndaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň Şençžensk institutynyň hünärmenleri iş alyp bardylar. Bu gurluş göz basyşyndaky üýtgeşmeleri ýa-da çyglylygyň üýtgeýşini operatiw tertipde şöhlelendirmäge ukyply. Göz bilen bagly mesele bar bolan ýagdaýynda ol özüniň reňkini üýtgetmek bilen bolýar. Geljekde bu linza adamyň gözüniň saglygyna täsir edýän kseroftalmiýany, glaukomany we beýleki birnäçe näsazlyklary anyklamak maksady bilen ulanylar diýlip çaklanylýar. Bu önüm polimeri öz içine alýan bioylalaşyjy gidrogelden ybarat.
Linzany döreden awtorlar onuň möhümdigini belläp geçýärler, çünki göz bilen bagly keselleriň sebäbini öz wagtynda ýüze çykarmak gerek. Bu üstünlikli bejergi etmegiň mümkinçiliklerini hem artdyrýar. Şol bir wagtda amala aşyrylan bu pikir täze däl, sebäbi derman kabul edilen ýagdaýynda reňkini üýtgedýän ýa-da diabetiklere ganyň düzüminde glýukozanyň derejesiniň durnuksyzlygyny duýdurýan kontakt linzalary eýýäm bar.

şu gün 11:01
2k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

düýn 23:26
2.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.5k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......