Türkmenistana ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça wezipeler kesgitlenildi

  • 26.02.2020 13:58
  • 14k+

25-nji fewralda Gurbanguly Berdimuhamedow geçiren iş maslahatynda pandemiýa howpuny çaklaýan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bar bolan maglumatlaryny nazara almak bilen, howply ýokanç keseline ygtybarly böwet goýmak hem-de watandaşlarymyzyň saglygyny goramak üçin islendik ýagdaýlaryň döremegine taýýar bolmagyň zerurdygyny belledi. Şoňa görä-de, milli Liderimiz öňüni alyş çärelerini pugtalandyrmak maksady bilen, yzygiderli gözegçiligi alyp barmagyň wajypdygyny nygtady.
Şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň mejlisini yzygiderli geçirmek zerurdyr. Olarda gelip gowuşýan maglumatlaryň ählisini içgin seljermek, ýokanç keselleriň ýüze çykmak mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak hem-de zerur bolan halatynda dessin çäreleri görmek möhümdir.
Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlara syýahatçylyk, medeni-köpçülik, sport we beýleki maksatlar bilen sapara iberilmegine gözegçilik etmek zerurdyr. Şeýle maksatlar bilen, ýurdumyza daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň içgin lukmançylyk barlagyndan geçirilmegini dowam etmek wajypdyr.
Türkmenistanyň serhet geçelgeleriniň ählisinde raýatlaryň saglyk ýagdaýyna berk gözegçiligi dowam etmek, bu ugurda ähli gulluklaryň sazlaşykly işlemegini hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak üçin gözegçilik nokatlarynda anyklaýyş enjamlarynyň talabalaýyk işlemegini gazanmak zerurdyr.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow zyýansyzlandyryş we sarp ediş serişdeleriniň üpjünçiligini berk gözegçilikde saklamagyň, halkara howa, deňiz, derýa, gara we demir ýollaryndaky serhet geçelgelerinde, ulaglarda we menzillerde gündelik zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilişini güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti bular barada aýtmak bilen, ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işlerini alyp barmagyň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýokarda agzalan keseliň ýurdumyza aralaşmagyna ýol bermezlik boýunça wezipeleri çözmäge örän jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşmegiň wajypdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, degişli gulluklaryň giň möçberli işiniň, öz wagtynda görlen çäreleriň hem-de olaryň işiniň takyk utgaşdyrylmagy netijesinde Türkmenistanda howply koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýynyň hem hasaba alynmandygyny nygtady.

şu gün 15:20
1.5k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

şu gün 07:47
1.4k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

düýn 15:40
4.8k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...

düýn 08:05
4.7k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...