Interneti tiz işleýän ýurtlaryň reýtingi neşir edildi

  • 25.02.2020 23:09
  • 11k+

WebsiteToolTester kompaniýasy Internetiň işleýiş tizligini, şeýle-de, soňky ýyllaryň içinde dürli ýurtlarda bu tizligiň üýtgeýiş göterimini seljerdi we Internet torunyň ösdürilmegine haýsy döwletleriň has köp serişde sarp edýändigini anyklady. Bu reýtingde Taýwan lider boldy, ol ýerde Internetiň tizligi iki ýylyň içinde 47% artdy, ýagny, 5 Gb göwrümli filmi sekiz minudyň içinde ýükläp bolýar.
WebsiteToolTester kompaniýasynyň saýtynda habar berlişine görä, reýtingiň ikinji ornuny Singapur, üçünji ornuny Jersi, dördünji ornuny Şwesiýa eýeledi, liderleriň bäşligini Daniýa jemleýär.
Iň tiz internetli ýurtlaryň reýtinginiň ýigrimiligine Ýaponiýa, Lýuksemburg, Niderlandiýa, Şweýsariýa, Norwegiýa, Andorra, Ispaniýa, Belgiýa, ABŞ, Latwiýa, Täze Zelandiýa, Estoniýa, Gonkong, Wengriýa we Litwa hem goşuldy.
Russiýa 207 orundan Bolgariýa, Madagaskara, Rumyniýa, Makao we Barbadosa ýol bermek bilen 53-nji orny eýeledi. Hasabata görä, bäş gigabaýt göwrümli wideony ýüklemek üçin Russiýada 45 minut 51 sekunt gerek bolýar.
Iň soňky orun Ýemen döwletine degişli boldy, ondan öňki orunda Mawritaniýa ýerleşdi.

düýn 23:18
448

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....