2020-nji ýylda iň elýeterli bolan ulaglary atlandyryldy

  • 23.02.2020 22:21
  • 8.2k+

Bilermenler topary tutuş dünýä bazaryny öwrenmek bilen 2020-nji ýylda iň elýeterli bolan ulaglaryň reýtingini düzdüler.
Autospot.ru onlaýn-agregatorynyň maglumatlaryna görä, iň elýeterli awtomobil hindi ykjam hetçbegi Tata GenX XE Nano boldy. Model ilkibaşda mopedlere alternatiw wariant görnüşinde döredildi, ýöne baý bolmadyk satyjylar üçin ol gymmatdy, baýlar üçin bolsa rahat däldi.
Ikinji setiri ýene bir hindi sitikary Bajaj Qute eýeledi. Motosikl bilen awtomobiliň bu gibridi satyjylara 3867 dollara düşýär. Onuň kapotynyň aşagynda 20 a.g kuwwatlykly 0,2 litr göwrümde bir silindrli hereketlendiriji ýerleşýär.
Üçünji orun Ýewropanyň, Aziýanyň we Günorta Amerikanyň bazarlarynda elýeterli bolan Renault Kwid awtomobiline degişli. Ol 57 a.g kuwwatlykly 0,8 litrde 3-silindrli güýçli gurluşa eýe boldy.
Dördünji orny Suzuki Maruti Alto eýeledi. Hetçbek 48 a.g kuwwatlykly 0,8 litr göwrümde 3-silindrli güýçli gurluşa eýe boldy. Awtoulag Suzukiniň beýleki modellerinden esasy bölekleri we enjamlary özüne nusga edinipdir.
Bäşinji setir öňdäki hereketlendirijili Geely Vision X1 hetçbegine degişli edildi. Bäsdeşlerinden ol özüniň stile laýyk interýeri bilen tapawutlanýar, onuň interýerinde informasion-güýmenje toplumynyň uly ekrany, şeýle-de 1,0 we 1,3 litr göwrümli iki sany hereketlendiriji ýerleşdirilen.
Mundan başga-da, dünýäniň iň elýeterli ulaglarynyň onlugyna şular hem girdi: Faw Besturn B30, rus ulagy Lada Granta, Datsun on-Do sedany, Ravon Nexia R3 sedany, reýtingi bolsa Renault Logan jemleýär.

şu gün 15:37
851

Kazyýet Tesla "Autopilot" we "Full Self Driving" adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi

Kaliforniýanyň ştat kazyýeti ýerli ulag departamentiniň şikaýaty esasynda, Tesla kompaniýasyna öz elektrik awtoulaglarynyň mümkinçiliklerini beýan edende "Autopilot" we "Full Self Driving" (Doly özbaşdak sürülýän) adalgalaryny ulanmagy gadagan etdi...

şu gün 14:05
2.3k+

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.6k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.2k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...