Günde iki banan iýmek organizme nähili peýda berer

  • 23.02.2020 22:17
  • 11k+

Günde iki bananyň iýilmegi adama saglygyny düýpli berkitmäge kömek edýär. Bu barada Organic Welcome portalyna salgylanmak bilen ren.tv habar berýär.
Banan dünýäde iň gymmatly miweleriň biri hasaplanylýar, ol 100-den gowrak ýurtda ösdürilip ýetişdirilýär. Banan kaliýniň, kletçatkalaryň, C we B16 witaminleriniň köp mukdaryny saklaýar.
Bananda saklanýan iň gymmat maddalaryň biri-de kaliýdir. Ol organizmiň her bir öýjüginde peýdalanylýar, ol arterial basyşy sazlamaga gatnaşýar we insulini aýyrýar. Uly adamyň kaliýni günde kabul etmeli normasy 3500 milligrama barabar. Bir bananda 900 milligram töweregi kaliý saklanýar.
Geçirilen barlaglara laýyklykda, günde 4069 mg kaliýni kabul eden adamlar ýüregiň işemiýa keseli bilen ýogalmak howpundan daş bolýarlar. Bu howp kaliýni 1000 mg-dan az kabul edýänler bilen deňeşdirilende, 49% pes. Bananda ýürege peýdaly bolan başga maddalar hem köp. Kletçatka, C witamini we B16 witamini - bular ýüregiň sagdynlygyny saklaýan esasy üçlükdir. Iki banany iýmek gipertoniýanyň güýçlenmek howpuny hem peseldýär.
Iýmitler we gök önümler rak keseliniň güýçlenmek howpuny peseltmäge ukyply bolýarlar, çünki olar organizmi möhüm witaminler we minerallar, şeker we himiki konserwantlar bilen üpjün edýärler.
Banan C witaminine, ýagny iň güýçli antioksidantlaryň birine baý. Hakykatda, antioksidantlar rak keseliniň döremegine getirýän erkin radikallaryň möçberini azaltmaga we keseliň howpuny peseltmäge ukyply bolýarlar.
Banan iýmit siňdiriş sistemasy üçin hem peýdaly, sebäbi kaliý organizmde elektrolit balansyny saklamaga kömek edýär, süýüm bolsa iýmitiň iýmit siňdiriji sistemadan geçmegini ýeňilleşdirýär. Banan aşgazan näsazlygyndan ejir çekýän adamlara maslahat berilýär, çünki banan ýeňil siňýär.
Ýürek bejergisi üçin beta-blokatorlary kabul edýän adamlara günde iki banan iýmek maslahat berilmeýär, olar kaliýniň ýokary göterimini saklaýan islendik iýmit bilen seresap bolmaly. Beta-blokatorlar kaliýniň derejesini ýokarlandyrýarlar, bu saglyga howp salyp bilýär.

şu gün 15:20
1.5k+

Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi

Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady...

şu gün 07:47
1.4k+

Alymlar B2 witamininiň çiş öýjüklerini halas edip biljekdigini anykladylar

Adatça öýjükleri zeperlenmelerden goramaga kömek edýän B2 witamini, şol bir wagtyň özünde rak öýjükleriniň hem janly galmagyna ýardam berip biler. Ýulius Maksimilian adyndaky Wýursburg uniwersitetiniň Rudolf Wirhow merkeziniň alymlarynyň gelen bu netijesine esas bolan barlag hakda Nature Cell Biology žurnalynda çap edildi...

düýn 15:40
4.8k+

Awstraliýaly bir adam rak keselinden ejir çekýän iti üçin ChatGPT ulanyp mRNA sanjymyny döretdi

Awstraliýaly IT telekeçisi Pol Koningem standart bejergi netije bermänsoň, öz iti Rozi üçin synag mRNA sanjymyny işläp düzdi. Olar baradaky wakany The Australian gazeti gürrüň berdi. 2024-nji ýylda inženerçilik...

düýn 08:05
4.7k+

Türkmenistanda 1 — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan çäreler geçiriler

1 — 7-nji aprel aralygynda Türkmenistanda Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyp, sport, medeni we wagyz-nesihat çäreleri geçiriler. Olara görülýän taýýarlyk işleri 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde maslahatlaşyldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...