Xiaomi täze elektrik welosipedini çykardy

  • 23.02.2020 21:13
  • 3.8k+

Ixbt.com web-saýtynyň habar bermegine görä, Xiaomi kompaniýasy hereket etmegiň täze görnüşi, ýagny No.9 Electric Bicycle C40 elektrik welosipedi üçin gerekli serişdeleri ýygnap başlady.
No.9 Electric Bicycle C40 diýlip atlandyrylan welosiped daşky görnüşi boýunça mopede meňzeş. Onuň agramy 1,6 m uzynlykda 55 kg deň. Welosiped täze nesliň akkumulýatory (onuň agramy bary-ýogy 6 kg) bilen üpjün edilen, öndürijiniň aýtmagyna görä, onuň zarýady 45 km ýoly geçmäge ýetýär.
Welosiped amortizasion wilka, EABS togtama güýjüni paýlama we rekuperasiýa sistemasyna eýe boldy - ol akkumulýatory togtama wagtynda zarýadlamaga mümkinçilik berýär. No.9 Electric Bicycle C40 smartfon arkaly integrasiýany hem göterýär. Mobil gurluşyň üsti bilen hereketlendirijini işletmek we režimlere geçirmek bolýar (Drive, Parking).
Öndüriji akkumulýatora we elektronika 3 ýyl, elektromotora 6 ýyl, ramasyna bolsa möhletsiz garantiýa berýär.
Ýatladyp geçsek, 2010-njy ýylda esaslandyrylan Xiaomi kompaniýasy elektronikanyň önümçiligi boýunça dünýäde liderleriň biri hasaplanylýar.

şu gün 14:05
734

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.2k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.1k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...

20.12.2025 19:30
4.7k+

Mercedes-Benz 2026-njy ýylyň gibrid CLA 220 modeliniň jikme-jikliklerini mälim etdi

Mercedes-Benz kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň gibrid CLA 220 sedanynyň güýç beriji gurluşynyň tehniki aýratynlyklaryny açyklady diýip, "Car News China" neşiri habar berýär.  Awtoulag Hytaýyň Geely kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen 1,5 litrlik M252 turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy...