Snapchat tekizligi lawa öwürýän täze filtrleri girizdi

  • 23.02.2020 20:59
  • 4.2k+

Snapchat islendik tekizligi lawa ýa-da suwa öwrüp bilýän täze filtrleri girizdi. Filtriň ikisi hem tekizligiň geometriýasyny kesgitlemek we jaýy suwda şöhlelendirmek ýaly effekti ulanmak üçin maşynlaýyn bilim tehnologiýasyny peýdalanýar. Bu barada “Engadget” neşirine salgylanmak bilen delo.ua habar berýär.
Reallyga has ýakynlyk — gitdigiçe aktual ýörelgä öwrülýär. Snapchat we Facebook hem özleriniň AR-effektler kitaphanasyny giňeltmegini işjeň dowam etdirýärler. Olaryň kömegi bilen ýüzüň göwrümini we formasyny, jynsy üýtgetmek, şeýle-de interaktiw oýunlary oýnamak bolýar. Indi bularyň üstüne daşky gurşawy üýtgetmeklik hem goşuldy.
Täze linzalar Instagram bilen AR-effektleriň ýaryşynda Snapchata belli bir wagta çenli liderlik etmäge mümkinçilik berýär. Hiç bolmanda, Instagramyň şuňa meňzeş nämedir bir zatlary döretmegine çenli.
Snapchat kompaniýasynda Snap’s Lens Studio, ýagny professionallar, şeýle-de, söýüjiler ulanyp biler ýaly Snapchat linzalaryny döretmek üçin platforma ýüze çykandan soň, kompaniýa hudožnikler, brendler, işläp düzüjiler we inflýuenserler bilen bilelikde AR-komýunitini (gyzyklanmalary ýakyn bolan adamlar topary) ösdürmegini dowam etdirýär.
Snap’s Camera platformasynyň wise-prezidenti Eýtan Pilipski 2019-njy ýylyň dekabrynda CNET neşirine Snap işläp düzüjiler birleşigi tarapyndan häzirki wagta çenli 600 müň töweregi dürli linzalaryň döredilendigini, olaryň hem ulanyjylar tarapyndan 15 mlrd gezek ulanylandygyny habar berdi.

düýn 11:00
493

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...