25-nji fewral — 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanda aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syn geçiriler

  • 22.02.2020 22:42
  • 7.9k+

25-nji fewral 1-nji aprel aralygynda “Aýallaryň saglygy we maşgaladaky ýagdaýy boýunça syny” geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre Türkmenistanyň gender deňligi boýunça 2015-2020-nji ýyllar üçin Milli Hereketleriň Meýilnamasynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasy bilen bilelikdäki taslamalarynyň Iş meýilnamalarynyň çäklerinde durmuşa geçiriler, diýip Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Agzalan syn Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň wekillerinden düzülen Iş topary tarapyndan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda geçiriler. Bu syn Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan bolan aýallaryň gatnaşmagynda geçiriler.
Bu syny geçirmek üçin Türkmenistanyň döwlet ulgamynyň dürli pudaklaryndan bolan 50-den gowrak wekil ýörite taýýarlyk usulyýet okuwlaryny geçdiler.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......