Hytaýlylar koronawirus sebäpli mobil oýunlarynyň rekord möçberini ýükläp aldylar

  • 21.02.2020 22:38
  • 9.6k+

Bilermenler mobil oýunlar bazaryny seljerdiler hem-de fewral aýynda Hytaýda oýunlaryň smartfonlara ýüklenip alynmagynyň möçberiniň birden artandygyny ýüze çykardylar. Analitikleriň pikirine görä, mobil oýunlarynyň meşhurlygynyň artmagynyň sebäbi koronawirus bolup biler. Bu barada ferra.ru habar berýär.
Bu ugurdan statistikany «Financial Times» neşir etdi. Žurnalistleriň berýän maglumatlaryna görä, fewral aýynyň 2-sinden 9-y aralygynda hytaýlylar AppStore-den geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 40% köp oýun ýükläp aldylar. Jemi 212 milliondan gowrak ýükläp almaklyk hasaba alyndy. Ýüklemeleriň içinde mobil oýunlar ýükleme sany boýunça öňdeligi eýeledi. Şunuň netijesinde iri oýun öndüriji kompaniýa bolan Tencent-iň paýnamalarynyň bahasy ýokarlandy.
Analitikleriň pikirine görä, hytaýlylaryň mobil oýunlaryny oýnamaklarynyň sebäbi — olara başga meşgullanara hiç zat ýok. Çünki ýurduň çägindäki kärhanalaryň aglabasynda karantin (çäklendirme) hereket edýär. Bu karantin koronawirusyň ýaýramagy zerarly gorag hökmünde görlen çäredir.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......