Amerikalylar “21-nji asyryň giperkaryny” çykardylar

  • 21.02.2020 22:07
  • 4.6k+

Czinger ýaş amerikan kompaniýasy özüniň ilkinji modelini – orta motorly 21C giperkaryny hödürledi. Bu barada brendiň metbugat gullugy habar berýär. Onuň ady “21 Century” (“21-nji asyr”) diýlip terjime edilýär. Premýerasy 3-nji martda Ženewadaky awtosalonda geçiriljek bu giperkar “dünýäde iň tiz awtomobil” diýen ada dalaşgärlik edýär, bu barada speedme.ru habar berdi.
Gibrid giperkary 400 km/sag çenli bat almaga we 29 sekundyň içinde doly saklanmaga ukyply. Şeýle maglumatlary hünärmenler getirýär. Bu Koenigsegg Regera şwed giperkarynyň geçen ýylyň güýzünde goýan rekordyny hem täzeläp biler.
Czinger 21C giperkary 100 km/sag çenli 1,9 sekundyň içinde bat alyp bilýär. Ulagyň maksimal tizligi 432 km/sag barabar.
Awtomobil 2,88 litr benzin turbo-hereketlendirijisinden we öňdäki merkezde ýerleşdirilen iki sany elektromotordan ybarat bolan güýçli gibrid gurluşy bilen üpjün edilen. Enjamyň jemi kuwwatlylygy 1250 at güýjüne deň. Herekete geçiriji guty – ýedi basgançakly “robot”.
Awtomobil baradaky jikme-jik maglumatlar onuň tanyşdyrylyş dabarasynda mälim ediler.

şu gün 14:05
691

BMW 3-iň özgeriş taryhy bir wideoda görkezildi: 1975-nji ýyldan başlap, 2034-nji ýyla çenli

Drive Morph atly YouTube kanaly BMW 3 seriýasynyň ewolýusiýasyna bagyşlanan wideony çap etdi. Sekiz minutlyk wideo modeliň 60 ýyllyk taryhyny — 1975-nji ýyldan häzirki güne çenli döwrüni öz içine alýar. Şeýle hem, awtorlar “üçlügiň” geljekde, ýagny 2034-nji ýylda nähili bolup biljekdigi baradaky öz garaýyşlaryny hödürleýärler...

şu gün 00:33
4.2k+

Toyota Ýaponiýada ABŞ-da öndürilen awtomobillerini satyp başlar

Toyota Motor Corporation 2026-njy ýyldan başlap ýapon bazarynda ABŞ-da öndürilen üç modeli satyp başlamagy meýilleşdirýär: Camry sedany, Highlander ulagy we Tundra pikapy. Bu barada ýapon kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi...

düýn 12:55
3.1k+

Hytaýyň Exlantix ES elektrik sedany ýolda öwrümli hereket etmek boýunça rekord goýdy

Pan-Aziýa halkara synag meýdançasynda Exeed Exlantix ES BEV seriýaly elektrik sedany dünýä rekordyny goýdy we resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu üstünlik 30 sekundyň içinde hereket edip barýan iň köp ulaglaryň arasyndan geçmek" diýlip hasaba alyndy...

20.12.2025 19:30
4.7k+

Mercedes-Benz 2026-njy ýylyň gibrid CLA 220 modeliniň jikme-jikliklerini mälim etdi

Mercedes-Benz kompaniýasy 2026-njy model ýylynyň gibrid CLA 220 sedanynyň güýç beriji gurluşynyň tehniki aýratynlyklaryny açyklady diýip, "Car News China" neşiri habar berýär.  Awtoulag Hytaýyň Geely kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen 1,5 litrlik M252 turbo hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy...