Xiaomi real wagtda maglumatlary ýygnamak üçin datçikli “akylly” gorag maskalaryny patentledi

  • 21.02.2020 21:37
  • 3.8k+

itc.ua saýtynyň habar bermegine görä, Xiaomi kompaniýasy ABŞ-nyň Haryt bellikleri we patent boýunça edarasynda patenti bellige aldyrdy. Onda “akylly maska” atly enjam barada beýan edilýär.
Patente salgylansak, maska prosessory sensordan gelýän maglumatlary gaýtadan işleýän hasaplaýjy blok bilen üpjün edilen. Ýygnalan maglumatlar saklama modulynyň kömegi bilen maskada saklanylyp galar we olar aragatnaşyk moduly arkaly beýleki gurluşlara hem geçirilip bilner. Ähli sensorlaryň we modullaryň iş ukyplylygyny üpjün etmek üçin maska standart howa süzgüjini iýmitlendirýän batareýa eýe.
Sensor barada aýdylanda, maska akselerometr we giroskop (maska ulanyjynyň hereketdedigini ýa-da hereketsizlikdedigini kesgitlemäge kömek edýär) bilen, şeýle-de dakyp gezmäniň umumy wagty, hapany siňdirme, dem alyş göwrümi, dem alşy görkezijiler we ş.m ýaly maglumatlary bellige alýan datçikleriň birnäçesi bilen üpjün edilýär.
Aragatnaşyk modulynyň kömegi bilen maska mobil programmasyna birikdirilip bilinýär, şonda ähli maglumatlar real wagt režiminde görkezilýär, şeýle-de, ulanyjynyň şäherindäki howa we howanyň hili baradaky informasiýalar hem hödürlenilýär. “Akylly” maska dem alşyň potensial bozulmak ýagdaýyny hem ýüze çykaryp, dem alşyň sagdyn usulyny maslahat bermäge-de ukyply bolup biler.
Ýöne munuň diňe patentdigini belläp geçmeli. Heniz Xiaomi kompaniýasy şeýle “akylly” maskalary bazara çykarmagy meýilleşdirýärmi ýa-da ýokmy, bu barada maglumat ýok.

düýn 11:00
493

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

23.03.2026 10:34
2.3k+

Apple öz operasion ulgamlarynyň täzeleniş ulgamyny üýtgetdi we könelen smartfonlarynyň sanawyny giňeltdi

Apple kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleriniň täze formatyny — «Background Security Improvement» hödürledi, şeýle-de birnäçe köne enjamlary resmi taýdan könelen diýip yglan etdi. Täze mehanizm iOS, iPadOS we macOS ulgamlarynyň esasy täzelenmeleriniň arasynda kiçiräk düzedişleri gurnamaga mümkinçilik berýär...

23.03.2026 05:29
3.1k+

Samsung 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlaryny tanyşdyrar

Samsung kompaniýasy 25-nji martda Galaxy A hatarynyň täze smartfonlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirer. Bu baradaky maglumat Samsung India resmi saýtynda peýda boldy. Sahypada tanyşdyrylyşyň senesi we ýerli wagt bilen sagat 17:30-da başlanjakdygy baradaky mahabat bölümi ýerleşdirildi...

22.03.2026 23:11
2.3k+

WhatsApp ulanyjylara hasap açmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer: Nädip?

WhatsApp messenjeri agza bolmazdan aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýän "myhman çatlary" funksiýasynyň synaglaryny giňeldýär. Android ulgamyndaky barlaglardan soň, bu mümkinçilik iOS we web wersiýalarynyň beta-ulanyjylarynyň bir bölegine hem elýeterli boldy diýip, WABetaInfo habar berýär...