Tim Kuk koronawirusyň Apple kompaniýasyna nähili täsir ýetirendigini aýtdy

  • 19.02.2020 21:40
  • 8.6k+

Tim Kuk kärdeşlerine koronawirus bilen bagly ýagdaýa degişli bolan ýatlamasyny iberdi. Onda ol kompaniýanyň wirus bilen nähili göreş alyp barýandygyny we wirusyň kompaniýa nähili täsir edendigini gürrüň berdi.
Apple kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hytaýdaky kärdeşler, hyzmatdaşlar, müşderiler we öndürijiler baradaky aladanyň zerur hasaplanýandygyny ýatlap geçdi.
— COVID-19 Apple maşgalasynda köpleriň durmuşyna aralaşdy, men hemmelere olaryň wepalylygy, duýgudaşlygy, düşünýändikleri we aladasy üçin sagbolsun aýdasym gelýär. Häzirki günde biz saglygy goraýşyň çäklerinde taryhy we global jogap çärelerini goldamak üçin bagyş edýän zatlarymyzy iki esse artdyrdyk.
Işgärler, hyzmatdaşlar, müşderiler we Hytaýda Apple-iň öndürijiler bileleşigini emele getirýän adamlar baradaky alada biz üçin birinji derejeli bolup durýar. Men Apple-iň COVID-19-a garşy global reaksiýasyny yhlasly we oýlanyşykly dolandyrmakda toparymyzda gije-gündiz zähmet çeken adamlara hem minnetdarlyk bildiresim gelýär.
Hytaýyň ähli ýeri boýunça korporatiw edaralar we aragatnaşyk-merkezleri gaýtadan açyldy, biziň dükanlarymyz ýene-de açylyp başlady, ýöne biz kadaly şertlere çak edişimizden haýal dolanýarys.
Men mart çärýegi üçin göz öňünde tutan girdejilerimize garaşmaýandygymyzy bellemek üçin biziň aksioner we maýa goýujy birleşiklerimiz bilen hem bu habary paýlaşdym. Hytaýyň çäklerinde häzirki günde biziň önümlerimiziň ähli kategoriýalaryna bildirilýän islegler we hyzmatlar ýokary derejede bolmak bilen biziň eden tamamyza laýyk geldi. Apple güýçli kompaniýa, biznesiň bu pese düşme ýagdaýy bolsa wagtlaýyn häsiýete eýedir.
Biziň häzir we hemişe birinji ýerde goýýan zadymyz – bu biziň işgärlerimiziň, önümçilik boýunça hyzmatdaşlarymyzyň, müşderilerimiziň we biziň işleýän birleşiklerimiziň sagdynlygy we howpsuzlygydyr – diýip, Tim Kuk belleýär.
Şu gün Apple iPhone-iň önümçiliginiň tutuş dünýä boýunça Hytaýdaky karantin zerarly wagtlaýyn peselýändigini habar berdi.

düýn 20:17
4.8k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......